Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

22 Oktýabr 2021
1111

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaraly belledi. Pederlerimiz tarapyndan mukaddes saýylyp, keramata deňelen ata Watanymyz Türkmenistan şu döwürde henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň saýlan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylandygyny görkezýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. «Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr» diýip, Arkadag Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygy gorap saklamaga dünýä derejesinde ägirt uly goşant goşýan we ählumumy ösüşi üpjün edýän täze başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly halkara abraýy bar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa onuň barha täze mazmun bilen baýlaşýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerine ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagy we olarda milli Liderimiziň täze-täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi, dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürmegi ählumumy parahatçylyk, abadançylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş babatda tagallalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Annabike BABAÝEWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar