Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

21 Oktýabr 2021
1151

Dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen parahatçylyk söýüjilik, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan köptaraply gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dürli ugurlarda ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy. Hususan-da, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işleri amala aşyrýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna taryhy-binagärlik ýadygärliklerimizden 1999-njy ýylda Gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda Gadymy Nusaý galalary girizildi. Bulardan başga-da, halkymyzyň ruhy medeniýetiniň dürdäneleri bolan «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury we türkmen halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Maksat MEREDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar