Döwrebap ösüşler

21 Oktýabr 2021
1054

Ýurdumyzyň ulag-logistika syýasaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan anyk işler bilen rowaçlanýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zamanabap ulag-üstaşyr logistiki düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy döredilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmek babatda möhüm bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň ençemesi guruldy.

Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ornuny eýelän türkmen topragy şu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, özüniň taryhy ornuny, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeldýär. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, hususan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça gurulýan iri demir, awtomobil ýollary, döredilýän howa we deňiz-derýa gatnawlary ýurdumyzda häzirki zaman multimodal ulag geçelgelerini döretmäge mümkinçilik berýär. Olar ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda ulaglaryň görnüşlerini utgaşykly ulanmaga şert döredýär.

Guwanç GURBANMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar