Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidip

25 Oktýabr 2021
1444

Türkmenistany we Gazagystan Respublikasyny umumy medeniýet, ýakyn mentalitet, ysnyşykly ykdysady we medeni gatnaşyklar, iki ýurduň parahatçylyga, ylalaşyga we durnukly ösüşe bolan ymtylmalary özara baglanyşdyrýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda depginli ösýän ýurtlar bolmak bilen, Türkmenistan we Gazagystan geografik we medeni kybapdaşlygyndan, birek-birege ynanyşmak ýörelgesinden ugur alyp, hoşniýetlilik, dostluk, işjeň özara gatnaşyklar syýasatyny durmuşa geçirýärler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda goňşy döwletler gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça giň gerimli özara hereketleriň oňyn tejribesini topladylar. Bu gün döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
Beýleki habarlar