Bazar gatnaşyklarynda döwletiň orny: nazaryýet we milli tejribe

25 Oktýabr 2021
1060

Islendik döwletde bazarlaryň döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki bazar oňa gatnaşýan taraplary, islegi we teklibi, harytlary we hyzmatlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarlaryna girmek daşary ykdysady gatnaşyklarynda döwletler tarapyndan ileri tutulýar.

Häzirki wagtda dünýäniň globallaşýan şertlerinde bu mesele has hem ýitileşýär. Şonuň üçin bazar infrastrukturasynyň öz-özünden kadalaşdyrylmagynyň üstüni doldurmakda döwlet kadalaşdyrmagynyň usullaryny ulanmak uly ähmiýete eýedir. Dünýä ykdysadyýetinde her bir döwletiň ykdysadyýeti kadalaşdyrylýar. Esasy tapawut kadalaşdyryjy usullaryň we gurallaryň peýdalanylyşynda ýüze çykýar. Şonuň üçin hem bazar infrastrukturasynyň düzümine girýän ähli elementler, olarda bolup geçýän özgertmeler döwlet tarapyndan kadalaşdyrylýar.

Ogulnäzik Meredowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň dosenti, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Ruslan Jumaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar