"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Beýik ösüşlerimiziň gözbaşy

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Berkararlygymyzyň baky nyşany bolan Konstitusiýamyz döwletlilik, demokratik, ynsanperwer, adam gymmatlyklaryny hormatlamak ýörelgelerini özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň toplan baý taryhy tejribesi esas edilip alnandyr. Konstitusiýamyzda adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek baradaky alada öň hatarda durýar. Şonuň bilen birlikde, döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýandygy baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny görkezýär. 

Milli gymmatlyklarymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini Esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Döwletimiziň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy döwletliligimizi alamatlandyrýan nyşanlarymyz bolup, olar Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Goşa mukaddeslik umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegine bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen beýan edýär.  Ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň agzybirlik bilen toýlanýan baýramy halkymyzyň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň belentliklerine göterýär.

Baky bagtyýarlygyň baýramy

Toýlary toýlara ulaşýan döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de türkmeniň buýsanjyna öwrülip, al-asmanda asuda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň baýramynyň bir günde bellenilmeginde çuňňur many bar. Goşa mukaddeslik halkymyzyň milli buýsanjydyr. Olaryň şanyna tutulýan toý bolsa agzybirligimiziň, berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň baýramydyr.  Berkarar döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk, watansöýüjilik düşünjelerini, döwletimiziň daşary syýasatynda alyp barýan bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulan eziz Diýarymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejede dabaralanýan ýurduna öwrüldi, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlar ajaýyp ösüşlere beslendi.

Ajaýyp baýramyň belent ruhunyň waspy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden ýaňlanýan sazlaryna goşulypýerine ýetirilen tanslar dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent

Sanly tehnologiýa — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan bilimleri we maslahatlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda hünärmenleriň tejribesi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ýardam edýär. Şu esasda hem ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň uniwersitetimizde hem multimediýa we interaktiw tehnologiýalar hem-de okatmagyň häzirki zaman serişdeleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, dünýä tejribesini düýpli öwrenmek, günsaýyn ösýän tehnologik enjamlary önümçilige ornaşdyrmak, okuw mekdeplerinde hünär öwrenýän ýaşlaryň innowasion serişdelerini giňden peýdalanmaklaryny gazanmak, netijede, hemmetaraplaýyn ösüşleri üpjün etmek wezipeleriniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Häzirki ösen döwrümizde kompýuter enjamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlarynda mynasyp orny eýeleýändigi bellärliklidir. Şonuň üçinem döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan oňat baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhü

Ösüşlerde bedewleriň bady bar

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, bilim almagy, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda olaryň ähli mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy, dürli bäsleşiklere we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda kämil tehniki enjamlar bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň barha artmagy, bilim berlişiniň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli okuw gollanmalarydyr kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller baradaky aladalarynyň netijesidir. Biz — mugallymlar hem ýaş nesliň berk bedenli, hemmetaraplaýyn kämil, geljekde Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjek, il-halka, ene-ata haýyrly adamlar bolup ýetişmegini gazanmagy özümize uly borç hasaplaýarys. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli şertleri döredýär.

Goşa mukaddeslik

Ýurduň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy onuň hukuk sütüni hem-de garaşsyzlygynyň mizemez nyşany bolup durýar. Hukuk nazaryýetinde bellenilişi ýaly, Konstitusiýa ýurduň esasy hukuk namasy bolup, onuň kadalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we çäk gurluşynyň binýatlaýyn başlangyçlaryny, döwletiň hukuk ýagdaýyny, onuň jemgyýet, şahsyýet hem raýat bilen özara gatnaşygynyň hukuk esaslaryny, şonuň ýaly-da döwlet häkimiýet edaralarynyň gurluşyny kesgitleýär. Ýurduň esasy tapawutlandyryş nyşany bolan Baýdagy halkyň asyrlarboýy taryhyny, milli aýratynlyklaryny özünde mazmunlaýyn jemleýär. Berkarar ýurdumyzyň adalatly hem ynsanperwer Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň — Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň bardygy, döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenilýändigi barada aýdylýar. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň halkymyzyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydygy bellenilýär.

Goşgy

Görüner «Seýil edeliň bu jahana,Jahanda näler görüner».Magtymguly.

Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabynda: «Oguz hanyň pentleri, Gorkudyň boýlary, Göroglynyň batyrlygy, Magtymgulynyň watançylygy hakynda aýdanymda, men şol döwre mahsus sypatlaryň esasysy — bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek, olary seýislemek sungaty barada oýlanýaryn» diýip belleýär. Halk döredijilik eserlerimizden başlap, nusgawy edebiýatymyzda görnükli orny eýelän, tarypyna namalar ýazylan, şanyna gazallar düzülen, ady rowaýata öwrülen türkmen bedewleri şanly taryhymyzyň janly hakykaty, oňa bagyşlanan eserler bolsa umumadamzat dünýäsiniň hakydasydyr. Taryhy şahsyýetlerimiziň edermenlik, mertlik, batyrlyk ýaly nusgalyk häsiýetleri, göreşli hem ýeňişli menzillerde görkezen gaýraty bedewlere bolan synmaz söýgüsine ornapdyr. Muňa «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyratyny syrdaşyna, gardaşyna deňemegi, oňa ýanbermez ynam, yhlas, belent söýgi bilen garamagy şaýatlyk edýär. Eserde ylahydan berlen duýgur ýürekli, arslan kükrekli bedewiň keramatly häsiýete eýedigi «Jylawynda iki pir bar» diýen setiriň üsti bilen beýan edilýär. Eseri okadygyňça, Göroglynyň gardaşyna deňän Gyraty bilen söhbetdeş bolýan pursatlary, Jygalybegiň seýisçilik sungaty, Göroglynyň çapyksuwarlyk ussatlygy, golunda sazy, dilinde bäş keleme sözi bilen Gyratyn

Watançylyk taglymaty — döwürleriň baky aýdymy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby halkymyza, hususan-da, bize — ýaşlara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özboluşly sowgat boldy. Gahryman Prezidentimiz bu kitabynyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» diýlip atlandyrylan babyndaky taryh bilen bagly gürrüňleriň dowamynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan hem söz açýar: «Änew şäheriniň türki dünýäsinde eýeleýän ornuny dabaralandyrýan wakalaryň, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini adamzadyň öňünde täzeden janlandyrýan çuň mazmunly çäreleriň biri-biri bilen utgaşyklylygy hem tebigylykdyr. Çünki Magtymguly Pyragy adamzadyň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan belli şahsyýet bolsa, gadymy Änew topragy maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärlikleriniň mekanydyr». Şeýle diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ruhy we maddy medeniýetiň arabaglanyşygyna hem-de olaryň adamzat ýaşaýşyndaky zerurlygyna ünsi çekýär.  Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň gymmatly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» diýen bölüminde: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip bellemek bilen, Magtymgulynyň ş

Köňüllerde guwanç, dillerde dessan

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde akyldaryň hormat-sarpasy has-da ýokary göterildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu günki dabaralary bolsa halkymyzyň şahyra bolan buýsanjyny artdyrýar. Magtymgulynyň halkyna, Watanyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyryň beýikligi hem onuň öz halkyna, türkmen topragyna bolan söýgüsinden gözbaş alýandyr. Onuň beýikligini asyrlar, heňňamlar hem köneldip bilmändir. Ýyllar geçip, asyrlar aýlanýar, emma ýüreklerimizde baky ýer eden Magtymguly şahyryň şygryýet dünýäsine, ömrüne bolan hormat, söýgi, tagzym üýtgewsizdir. Şahyryň goşgulary kalbyňy heýjana salýar, pähim-paýhasdan, öwüt-ündewlerden teşnelik bilen gandyrýar. Olar durmuşyň her güni, aýy, ýyly üçin ýoluňa ýagtylyk saçýar. Beýik şahyryň her bir goşgusy uly dessan ýalydyr.

Toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçen anna güni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň heýkeline ter gül çemenlerini goýup, beýik söz ussadyna tagzym etdiler. Bu ýerde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşýan zehinli çagalaryň çekýän suratlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlar Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar, sergide görkezilen amaly-haşam, el işlerine syn etdiler. 

Muzeý gymmatlyklara baýdyr

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ildeşlerimiziň arasynda täsirli çäreler guralýar. Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Nobatdaky syýahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşyp, olar sergi zallaryna aýlanan mahalynda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleriniň şol gymmatlyklaryň taryhy hakdaky gürrüňlerini diňlemek olar üçin täsirli boldy.

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlaryny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

“Akylly şäher” konsepsiýasynyň aýdyň nusgasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitde durnukly, “ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet berkararlygynyň sarsmaz sütünleri

Taryh her bir halkyň hem-de tutuş adamzadyň geçen ýoluna, Ýer ýüzünde galdyran yzlaryna göz ýetirmäge, olardan netije çykarmaga şert döredýän wagtdyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda, berkararlygyň binýatlaýyn esaslaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy häzirki döwre çenli ýurdumyzyň içerki ösüşlerinde-de, daşary syýasatda-da netijeli hukuk esasy bolup durýar. Konstitusiýa esasy syýasy-hukuk resminama hökmünde milli döwletliligiň, ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we döwleti ösdürmegiň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Iň ýokary hukuk derejesine eýe bolan Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bar, kabul edilýän ähli hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Şunlukda, hukuk ulgamynyň bitewüligi we özara ylalaşyklylygy onuň başlangyç ýörelgeleriniň umumylygyny üpjün edýär. Syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky özgertmeler hem konstitusion gurluş bilen jebis baglanyşykly alnyp barylýar.

Garaşsyz ösüşiň gymmatly binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilýär. Her bir ildeşimiz üçin mukaddes gymmatlyklaryň beýany bolan bu baýramda ata-babalarymyzyň özbaşdak, Garaşsyz, hukuk binýady bolan döwleti berkarar etmek baradaky arzuwlarynyň maksat-myrady ýalkym saçýar. Esasy Kanunymyz halkymyzyň uzak geljek üçin bagtyýar, parahat durmuşyny, hukuk taýdan ygtybarly kepillendirilen ýaşaýşyny, erkin zähmet çekmäge, döretmäge, gurmaga bolan isleg-arzuwlarynyň durmuşa geçmegini, ösüşleriň dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýän ygtybarly binýatdyr. Eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň baş nyşany bolan Döwlet baýdagymyz döwletliligimizi, halkyň agzybirligini, watansöýüjiligini, pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine wepalydygymyzy alamatlandyrýan esasy nyşanlaryň biridir. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esaslarynyň mizemezligini dabaralandyryp, BMG-niň Ştab-kwartirasynyň öňündäki baýdak sütüninde belentden parlaýar. Ak mermerli Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlikdäki baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň mi

Döwletliligimiziň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr». Şoňa görä-de, halkymyzyň agzybirligini, buýsanjyny we mertebesini, Watana bolan söýgüsini, döredijilik we zähmet hyjuwyny alamatlandyrýan bu goşa senäni — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ulus-ilimiz giňden belläp geçýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän Döwlet baýdagymyz Ýer ýüzünde, abraýly halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde pasyrdap, dünýä halklaryny dostluga, hoşniýetlilige çagyrýar. Döwletliligimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz bolan ýaşyl tugumyz her birimizi döretmäge, gurmaga, belent sepgitlere ruhlandyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär.