"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Şygryýet älemi

Dillerde dessanymyz Magtymguly Pyragy — beýik akyldar, dana,Dürdäne eserleri — dillerde dessanymyz.Millilige ýugrulan goşgulary manyly,Paýhasyna sygynyp, ýürekden okanymyz.

Buýsançnama

Milli ýolumyz ýöredip,Dünýä ýüzüne tanadyp.Täze eýýamy döredip,Beýik ymaratlar gurýas.Diňe, diňe öňe barýas, Arkadagly Serdar bilen. Il-gün, halkymyz bagtyýar,Bagtly günlere guwanýar.Ertirine ynamy bar,Agzybirlige daýanýas.Diňe, diňe öňe barýas,Arkadagly Serdar bilen.

Akyldar şahyryň belent sarpasy

Ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her güni toýdur baýrama, şatlykly günlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň danasy, söz sungatynyň zergäri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhda yz goýan beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmäge, edebi mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulýar. Çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdyr.

Duş gelen dileg

(Hekaýa) — «Salamälik» diýip, işikden sag aýagy bilen ätläp, içeri giren Aýperi eje sözüne dowam berdi. — Magtymguly jan, sag-aman oturanmysyňyz, içerleriňiz hem saglykmy? Döwletmämmet ahun-da tendarmydyr? Ýanyňa göni gelşim boldy. Ynha, saňa arzymy aýdanymdan soň, ahun atamyzyň-da huzuryna barmakçy. Weý, heý-de aýagym bilen bu ýere gelenimden soň, il kethudasy bilen Taňry salamyny alyşmasam, gelşiksiz bor-a, hawa, utançly borun.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine buýsanç

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenmegi halkymyzy buýsandyrýar, begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün dana şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Türkmen halkynyň kalbynda, aňynda ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmegiň, oňa wepaly bolmagyň beýik nusgasy, terbiýeçilik mekdebi bolan akyldar şahyrymyzyň eserleriniň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýlenendir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli arzuw-islegleri hasyl boldy. Magtymguly Pyragy — Watany söýmegiň beýik nusgasy. Şahyr hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watana bolan çäksiz, gyzgyn söýgi, uly buýsanç Magtymguly Pyragynyň goşgularynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle mähirli garaýyşlar bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli islegleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Şahyryň eserleri häzirki döwürde hem

«Keý­mir kör» bi­len ta­na­lan

...Ynsan hakydasy ýyllar geçdigiçe könelmek bilen, emma durmuş ýoluňda duz-emek bolan, gatnaşan ýagşy adamlaryň mährem keşpleri, olar bilen eden söhbetleriň soň-soňlaram kalbyňa ýylylyk, göwnüňe tereňlik berýär. Halypa ýazyjylarymyň biri hakynda başardygymdan söhbet açmak üçin ýarym asyrdan gowrak geçilen durmuş ýoluma nazar aýlaýaryn. Zähmet ýolumyň galapyn «Edebiýat we sungat» gazeti bilen bagly bolmagy aýratyn ýakymly. 1993-nji ýylyň dekabryndan 2000-nji ýyllaryň başlaryna çenli ilki korrektor, soňra habarçy bolup işlän döwrüm «Edebiýat we sungat» gazetiniň «Jennet» bazarynyň garşysyndaky köne Metbugat öýünde ýerleşýän redaksiýasy men-men diýen ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçylaryň häli-şindi gelip-gidýän mekanydy. Olaryň hatarynda ýazyjylar Berdinazar Hudaýnazarowy, Ýylgaý Durdyýewi, Sapargeldi Annasähet Iner ogluny, taryhçylar Berdimyrat Garabaýewi, Mämmetdurdy Annagurdowy we gaýry ençeme ägirtleri görmek, gürrüňlerini diňlemek bagty miýesser etdi.

«Arşa galdyň, şahyr, Arkadag bilen!»

Magtymguly atamyzy her bir galam tutýan, döredijilik bilen meşgullanýan adam özüniň ruhy halypasy hasap edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligindäki şahyra bagyşlanan we ýüzlenilen eserleriň mysalynda bilýäris. Iň gymmatly eserdir goşgularyny akyldar şahyra bagyş eden Milli Liderimiz halkyň milli şahyryny we şahyrlaryny sarpalamagyň belent nusgasyny görkezdi. Bu belent sarpa akyldar şahyr bilen bir hatarda, halypa şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň hut özüne-de degişlidir. Çünki «Şahyra üns berýän döwürden-döwrandan aýlanaýyn...» diýýän Gözel Şagulyýewa mydama-da öz çykyşlarynda derýa ýaly joşgunyny döwürden alýandygyny, beýikleriň öňünde başyny egýändigini şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär: ...Elime aldygym besdir,   goýmaryn ony hälä,Saňa hormaty başgadyr Arkadagyň,     Pyragy!

Garaşsyz, Bitarap Watan

Ykbaly çüwen türkmenim toý toýlaýar saçak ýaýyp,Asmanda ak kepderi buşlukçy deý her ýan gaýyp,Bagtdan doly ýüreklere mähir-muhabbetin çoýup,Garaşsyz, Bitarap Watan dillerimde sena bu gün,Agzybir il, parahat ýurt ak ertire rowan bu gün. Bagtlylykdan alamatdyr guşlaň sesne oýanmagam,Ýöne ýerden däldir halkyň Arkadaga daýanmagam,Mert ogul, äriň işidir il bagtyna guwanmagam,Garaşsyz, Bitarap Watan dillerimde sena bu gün,Agzybir il, parahat ýurt ak ertire rowan bu gün.

Ylham ýaýlasy

Gutly bolsun, üç asyrlyk ýaşyňyz! Tirsege gal Pyragy, göwün Arşa galypdyr,Köpetdagyň etegi toý donuny geýipdir,Halypalar jem bolup, seýilgähe gelipdir,Ýigrim dört ägirt bilen, bir jem edip başyňyz,Bu gün Watan toýlaýar, üç asyrlyk ýaşyňyz.

«Alkyş alan derejesi zor bolar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenip, ondan çuň many çykarýar. Munuň özi Alym Arkadagymyzyň dana şahyryň pikirlerine uýup, olardan ylhamlanýandygyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Alkyşyň manysy» atly bölüminde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Alkyş alan derejesi zor bolar» diýen setirlerini ýörelge edinýär. Bu ýöne ýerden däldir. Çünki dana Pyragy çeper döredijiliginiň üsti bilen ynsanlaryň ýagşylykda ile özün tanadyp, il-günüň alkyşyny almagyny, olaryň bu dünýäde ýaşaýarka özünden ýagşy at galdyrmagyny, at-abraý gazanmagyny halys ýüreginden isleýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen — ýer», «Altyn alma, alkyş al» diýen nakyllar hem tarp ýerden döremändir. Toprakda ösýän her bir ösümligiň, ot-çöpüň ýagmyr, ýagny suw bilen gögerip, ösüp boý alşy ýaly, ynsanlaryň hem dowamatynyň alkyş bilen örňeýändigine, dowamat-dowam bolýandygyna durmuş hakykaty esasynda göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda köp alkyş alan adamyň neberesi arkama-arka ýalkanarmyş diýen ynam bar» diýip belleýär. Adamlardan alkyş almagam begendirijidir welin, ýöne birine alkyş aýtmak, öňüňdä

Türkmeni dünýä tanadan akyldar

Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy we berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, milli buýsanjydyr. Şahyr:

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

PYRAGYM Şygyr äleminiň ägirdi, piri,Sözleri altyndyr, manylaň gory,Senden ylham alýar ynsanlaň bary,Ömürlere adyn ýazan, Pyragym!

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewlerimiziň at-owazasy bu günki gün dünýä ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary bedew ata uly sarpa goýýan merdana halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy gamyşgulak bedewlerimize hem mahsusdyr. Gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Halkymyz bedew atlaryny «Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýip mertebeläpdir, özüniň buýsanjy, söýgüsi, baýlygy hasaplapdyr. Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem bedewiň waspy belentden ýetirilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz, şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňişleýin öz beýanyny tapýar. Hut şonuň ýaly-da, şahyryň döredijiliginde behişdi bedewlerimiziň waspyna uly orun degişlidir.

Meşhur nakylyň teswiri: «Ata kes­bi — og­la ha­lal»

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baştutan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy bar­ha beý­gel­ýär. Hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da hyz­mat ed­ýän türk­men di­li­mi­zi, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni yl­my esas­da öw­ren­mek­de, ös­dür­mek­de we hal­ka ýe­tir­mek­de hem tu­tum­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Freýdden paýhasly pikirler

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024

Döredijilik dünýäsi

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ar­ka­dag­ly Ser­da­ra

Şahyr, taryh hem miras hakynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreler bilen birlikde, onuň döredijiligine, edebi mirasymyza, şöhratly taryhymyza bagyşlanan eserler hem çap edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bu ugurdaky asylly işlere badalga berdi. Magtymguly atamyzyň uludan bellenilýän ýubileýi mynasybetli neşir edilýän kitaplar mazmun taýdan dürli-dürli bolsa-da, olarda beýik şahsyýetlerimiz, edebi mirasymyz, şöhratly taryhymyz özboluşly beýan edilýär. «Kitap okan gullar magnydan dokdur,//Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?» diýen akyldar şahyrymyz kitaba, söze belent sarpa goýupdyr. Şonuň üçin-de şahyryň baý mazmunly döredijiliginiň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda şeýle kitaplaryň çap edilmegi halkymyz üçin özboluşly sowgatdyr. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen kitap «Arkadag hem Pyragy — pähim-paýhas ummany» diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan akyldar şahyryň ýubileý senesi mynasybetli çapa taýýarlanan bu ylmy ýygyndyda şahyryň döredijiligine bagyşlanan makalalara uly orun berlipdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döred

Duýguly dünýä

ŞAHYR TÄLEÝI Ýagyş ýagdy dünýäň ýüzünsuw-sil edip,Ýuwup bilmän ýürekleri,Ezip bilmän niýetlerihem-de guran pikirleri...Ýagyş muňa gahar edip,Ýaman ýagdy, ýagşy ýagdy...«Ýagşy juda gowy görýän»Diýýänlerem gaçdy bu gün.Gizlendiler päk ýagyşdan,Busup oturdylar öýde.

Şygryýet bossany

ÝAŞ ÇAPAR Ähli duşuşyklaň üýtgewsiz ýeri —Ak öý,Bu gün öňküsinden üýtgeşik.Ýaş çaparlar häzirlenip dur, Ynha, Aýgytly menzile düşdi bäsleşik.

Bir gijede bütin ömür (Oýlanma)