Bir gijede bütin ömür (Oýlanma)

31 Maý 2024
197

Golaý günlerde seniň ýokary okuw mekdepleriniň birine çykyş etmäge hem-de söhbetdeşlige gelendigiňi aýtdylar maňa. Men onuň wideoýazgysyny görmek isledim. Hemişe bolşy ýaly, köpçülik seni gowy görýär. Seniň durşuň, hereketler bilen sözüňi düşündirişiň, pikirlenen pursadyň penjireden daşaryk seredişiň, sözüňi jemlemek üçin we laýyk jogaby bermek üçin öňüňdäki kagyza seredip, sessiz durşuň, soňam birden başyňy galdyryp, jogap berşiň, has çuňňur pikirlere çümüp, sag eliňi eňegiňe goýup, süýem barmagyňy dodagyňa çala degrişiň, minnetdarlyk bildirlende we öwgüli sözler aýdylanda aşak seredip, utanjaňlyk bilen ýuwaşja ýylgyryşyň... meniňki bilen nusgalanan ýaly mep-meňzeş. Seniň dünýäňe hyrydar muşdaklaryň gözlerine gözüm düşende welin, birmahalky oýlar... bagşynyň: «Waspyňa dawagär men» diýen setirleri ýadyma düşüp gitdi.

Reşit, sen indi meniň bilen diňe uzak ýollara däl, hemme ýerlere bile aýlanmaga başladyň. Seniň hyýaly keşbiň myhmançylyga gelmegini bes etdi. Ol ömürlik ýazga geçmäge karar beren bolarly. Kinofilm görsem, saňa meňzeş biri hökman ol ýerde bar. Kitap okasam, baş gahrymanlaryň biri Reşit, nusgawy sazlaryň hiç birini ýalňyzlykda diňläp bilemok, biz bile diňleýäris. Aýdym açsam — bagşy siz. Gözümi ýumsam — düýşümem siz. Ýazsam — Reşit. Pozsam — Reşit. Men edil «ex»-i differensirlemek isleýän matematik professor kimin haýsy ýoldan ýöresem, nirä baksam, näçe usul-çözgüt gözlesem — ählisindäki näbellilik bu — sen. Men düşünemok! Näme üçin biz bu dünýäde aýry-aýry ýerlerde, Reşit?

Ogulşat MYRATBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar