Şahyr, taryh hem miras hakynda

1 Iýun 2024
236

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreler bilen birlikde, onuň döredijiligine, edebi mirasymyza, şöhratly taryhymyza bagyşlanan eserler hem çap edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bu ugurdaky asylly işlere badalga berdi. Magtymguly atamyzyň uludan bellenilýän ýubileýi mynasybetli neşir edilýän kitaplar mazmun taýdan dürli-dürli bolsa-da, olarda beýik şahsyýetlerimiz, edebi mirasymyz, şöhratly taryhymyz özboluşly beýan edilýär.

«Kitap okan gullar magnydan dokdur,//Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?» diýen akyldar şahyrymyz kitaba, söze belent sarpa goýupdyr. Şonuň üçin-de şahyryň baý mazmunly döredijiliginiň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda şeýle kitaplaryň çap edilmegi halkymyz üçin özboluşly sowgatdyr. Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen kitap «Arkadag hem Pyragy — pähim-paýhas ummany» diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan akyldar şahyryň ýubileý senesi mynasybetli çapa taýýarlanan bu ylmy ýygyndyda şahyryň döredijiligine bagyşlanan makalalara uly orun berlipdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli taraplary barada söz açylýar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar