Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmatlygy

2 Iýun 2024
269

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewlerimiziň at-owazasy bu günki gün dünýä ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary bedew ata uly sarpa goýýan merdana halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy gamyşgulak bedewlerimize hem mahsusdyr. Gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Halkymyz bedew atlaryny «Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýip mertebeläpdir, özüniň buýsanjy, söýgüsi, baýlygy hasaplapdyr. Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem bedewiň waspy belentden ýetirilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz, şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňişleýin öz beýanyny tapýar. Hut şonuň ýaly-da, şahyryň döredijiliginde behişdi bedewlerimiziň waspyna uly orun degişlidir.

Daýanç MYRADOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar