«Arşa galdyň, şahyr, Arkadag bilen!»

3 Iýun 2024
186

Magtymguly atamyzy her bir galam tutýan, döredijilik bilen meşgullanýan adam özüniň ruhy halypasy hasap edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligindäki şahyra bagyşlanan we ýüzlenilen eserleriň mysalynda bilýäris. Iň gymmatly eserdir goşgularyny akyldar şahyra bagyş eden Milli Liderimiz halkyň milli şahyryny we şahyrlaryny sarpalamagyň belent nusgasyny görkezdi. Bu belent sarpa akyldar şahyr bilen bir hatarda, halypa şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň hut özüne-de degişlidir. Çünki «Şahyra üns berýän döwürden-döwrandan aýlanaýyn...» diýýän Gözel Şagulyýewa mydama-da öz çykyşlarynda derýa ýaly joşgunyny döwürden alýandygyny, beýikleriň öňünde başyny egýändigini şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär:

...Elime aldygym besdir,
   goýmaryn ony hälä,
Saňa hormaty başgadyr Arkadagyň,
     Pyragy!

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar