«Alkyş alan derejesi zor bolar»

3 Iýun 2024
144

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenip, ondan çuň many çykarýar. Munuň özi Alym Arkadagymyzyň dana şahyryň pikirlerine uýup, olardan ylhamlanýandygyny aňladýar.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Alkyşyň manysy» atly bölüminde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Alkyş alan derejesi zor bolar» diýen setirlerini ýörelge edinýär. Bu ýöne ýerden däldir. Çünki dana Pyragy çeper döredijiliginiň üsti bilen ynsanlaryň ýagşylykda ile özün tanadyp, il-günüň alkyşyny almagyny, olaryň bu dünýäde ýaşaýarka özünden ýagşy at galdyrmagyny, at-abraý gazanmagyny halys ýüreginden isleýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen — ýer», «Altyn alma, alkyş al» diýen nakyllar hem tarp ýerden döremändir. Toprakda ösýän her bir ösümligiň, ot-çöpüň ýagmyr, ýagny suw bilen gögerip, ösüp boý alşy ýaly, ynsanlaryň hem dowamatynyň alkyş bilen örňeýändigine, dowamat-dowam bolýandygyna durmuş hakykaty esasynda göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda köp alkyş alan adamyň neberesi arkama-arka ýalkanarmyş diýen ynam bar» diýip belleýär. Adamlardan alkyş almagam begendirijidir welin, ýöne birine alkyş aýtmak, öňüňdäki adamy alkyşdyr ýagşy dilegleriň bilen begendirip, göwnüni alyp bilmek, ondan hem lezzetlidir. «Alkyşlar ýagşylyga dowamat berýän ýörelge bolup, ynsanlaryň kalbynda ýakymlylyk döredýär» diýen jümleler muny aňryýany bilen subut edýär.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar