Obasenagat toplumy: maksatlar aýdyň, wezipeler anyk

3 Fewral 2021
823

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelerine geçip, degişli yzygiderlilikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigi habar berildi.

"Nesil".