Duýguly dünýä

31 Maý 2024
407

ŞAHYR TÄLEÝI

Ýagyş ýagdy dünýäň ýüzün
suw-sil edip,
Ýuwup bilmän ýürekleri,
Ezip bilmän niýetleri
hem-de guran pikirleri...
Ýagyş muňa gahar edip,
Ýaman ýagdy, ýagşy ýagdy...
«Ýagşy juda gowy görýän»
Diýýänlerem gaçdy bu gün.
Gizlendiler päk ýagyşdan,
Busup oturdylar öýde.

Nury SAKÇYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar