Magtymguly Pyragynyň döredijiligine buýsanç

4 Iýun 2024
270

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenmegi halkymyzy buýsandyrýar, begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün dana şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Türkmen halkynyň kalbynda, aňynda ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmegiň, oňa wepaly bolmagyň beýik nusgasy, terbiýeçilik mekdebi bolan akyldar şahyrymyzyň eserleriniň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýlenendir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli arzuw-islegleri hasyl boldy. Magtymguly Pyragy — Watany söýmegiň beýik nusgasy. Şahyr hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watana bolan çäksiz, gyzgyn söýgi, uly buýsanç Magtymguly Pyragynyň goşgularynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle mähirli garaýyşlar bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli islegleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Şahyryň eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, biziň üçin terbiýe mekdebi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr durmuşyň ähli meselesi bilen birlikde, Watan we watansöýüjilik duýgularyny has hem täsirli beýan edýär. Akyldaryň Watana bolan beýik söýgüsi onuň adyny dünýä edebiýatynda ebedileşdirdi.

Maýa BABAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar