Duş gelen dileg

4 Iýun 2024
679

(Hekaýa)

— «Salamälik» diýip, işikden sag aýagy bilen ätläp, içeri giren Aýperi eje sözüne dowam berdi. — Magtymguly jan, sag-aman oturanmysyňyz, içerleriňiz hem saglykmy? Döwletmämmet ahun-da tendarmydyr? Ýanyňa göni gelşim boldy. Ynha, saňa arzymy aýdanymdan soň, ahun atamyzyň-da huzuryna barmakçy. Weý, heý-de aýagym bilen bu ýere gelenimden soň, il kethudasy bilen Taňry salamyny alyşmasam, gelşiksiz bor-a, hawa, utançly borun.

Döwletmyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar