"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Berjaý edilmeli maslahatlar

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. 

Ajaýyp üstünlikleriň beýany

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Halkara serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

«Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi dowam edýär Erjan Amirbekuly,Gazagystan Respublikasynyň Altynsarin institutynyň rektory:

Goşa etraba — goşa serpaý

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde Dänew hem-de Saýat etrap hassahanalarynyň durkunyň täzelenilip, ulanylmaga berilmegi tutuş halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Durky täzelenilen hassahanalarda ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy hormatly Prezidentimiziň adam baradaky aladany hemişe üns merkezinde saklaýandygyna, saglygy goraýyş ulgamynyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Wysala gowuşýar göwün islegler

Ildeşlerimiziň ýürek buýsanjy

Tawus ORAZMÄMMEDOWA, Dänew etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy: ― Men — dört çagaly bagtyýar ene. Çagalaryň bagtyýar, sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda köp işler durmuşa geçirilýär. Biz — bagtyýar eneler muny her ädimde duýup ýaşaýarys.Ynha, durky täzelenilen hassahanamyz hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Belent döwrüň ýalkawy

Saýat etrap hassahanasynyň durkunyň täzelenilip, ulanylmaga berilmegi hem etrabyň ýaşaýjylaryna uly saglyk serpaýy boldy. 150 orunlyk hassahanada işgärleriň 335-si halka hyzmat edýär. Bu ýerde bölümleriň 10-sy, ýagny iç keselleri, hirurgiýa, çaga dogruş, aýal keseller, çagalar, fizioterapiýa, laboratoriýa, anyklaýyş we maslahat beriş, radiologiýa hem-de ýokanç keseller bölümleri bolup, olaryň ählisi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi. Birbada näsaglaryň 20-si kabul edilýän iç keselleri bölümine täze elektrokardiografiýa enjamy oturdyldy. Şeýle-de otaglaryň ählisinde kislorod paýlaýjylar bar. 24 orunlyk hirurgiýa bölüminde bolsa ýokary hilli amal otagy hereket edýär. Bu ýerdäki innowasion operasiýa stoly, laporoskop, kogulýator enjamlary amallaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün edýär. Çaga dogruş bölümindäki operasion zaly we dogrum otaglary hem ähli amatlylyklary özünde jemleýär. Bu ýerde täze doglan näsag çagalar üçin awtomatik usulda kislorod, ýylylyk we çyglylyk paýlaýjy enjamyň, şeýle-de zenan kesellerini anyklaýyş abzallaryň kömegi bilen bejergi işleriniň netijeliligi has-da artýar.

Kalpdan çykan sözler

Jennet HAKGYÝEWA, Saýat etrap hassahanasynyň lukmany: ― Hassahanamyzyň durkunyň täzelenilmegi biziň üçin uly şatlykly wakalaryň biri boldy. Eýýäm hassahanamyza diňe bir etrabymyzyň ýaşaýjylary däl, eýsem, welaýatymyzyň dürli künjeklerinden hem ýüz tutup gelýärler. Bu ýerde olara ýokary derejede hyzmat edilýär. Çünki hassahanada ýokary amatlylyklaryň ählisi göz öňüne tutulyp, dünýäniň iri kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa ýüz tutýan ildeşlerimiziň hem-de biziň işimizi ep-esli ýeňilleşdirýär we gowy netije berýär.

Saglygy goramagyň ilkinji ädimleri

Saglyk ynsana tebigatyň eçilen iň uly baýlygydyr. Ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň sakasy hem saglykdyr. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda il-günüň saglygy baş gymmatlyk hökmünde ähli zatdan ileri tutulýar. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary, iň ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş desgalary bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen güneşli Diýarymyzda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Şeýle jogapkärli wezipelerden ugur alyp, biz hem güýzüň häzirki günlerinde halkymyza arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi, pasla görä geýnip, açyk howada gezelenç etmegi, diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suw içmegi maslahat berýäris. Güýz paslynyň gelmegi bilen öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almak hem saglygymyzy goramak üçin öňe ädilen ädimdir.

Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy

Eger siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, hökman lukmana ýüz tutmaly, maşgala lukmany tarapyndan bellenen bejergini almaly. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyrmagy, üşütmek we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri pugta berjaý etmeli. Elleriňizi arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, burnuň nemli bardasyna hökman «Oksolin» melhemini çalmaly. Gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdalydyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmegi endik edinmeli.

Ruhubelentlige beslendi

Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda «Agyz keselleriniň öňüni almakda stomatologiýanyň häzirki zaman garaýyşlary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga gelen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň işgärleriň hünär kämilleşdiriş, ösüş merkeziniň hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Urazmat Jumatow hem gatnaşdy. Bu ýerde guralan çykyşlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda sanlyja ýyllarda bitirilen beýik işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Myhman çykyşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleriniň ähli Merkezi Aziýa sebiti üçin nusgalyk derejededigini, ýurdumyzyň bu ugurda uly tejribe toplandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem, ol serginiň we ylmy maslahatyň, şular ýaly duşuşyklaryň ähmiýetiniň ýokarydygyny, tejribe alyşmakda möhüm merkez bolup hyzmat edýändigine ünsi çekdi. Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri gurlup ulanmaga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamy dünýäniň öňdebaryjy innowasion ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzdaky döwrebap saglygy goraýyş merkezlerine lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary giňden ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» tassyklanmagy hem milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi

Lukmanlara ak arzuwlar edildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli pudagynda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Has takygy, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalardyr saglyk merkezleri, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Öňden bar bolanlarynyň bolsa, durky düýpgöter täzelenilýär.

Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygy

Saglyk bolsun! Ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň maksady saglygy goraýşy has kämil derejä ýetirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuş endiklerini netijeli ýola goýmak, şeýle hem ilatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. «Keseli bejereniňden, öňüni alanyň aňsat» diýen jümleden ugur alyp, döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda uly işler amala aşyrylýar.

Jana şypa, derde derman

Üzärlik örän peýdaly köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol tohumy arkaly köpelýär. Onuň tohumynyň gögerijiligi ýokary. Üzärlik idege talapkär ösümlik däl. Onuň Merkezi Aziýany we Gazagystany öz içine alýan örän giň ýaýraw meýdany bar. Ol halk arasynda iň köp tanalýan dermanlyk ösümlikleriň biri hasaplanylýar. Üzärlik baradaky maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde jikme-jik beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyz öýleriň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan üzärligiň bir dessesini asyp goýýar. Üzärligi dermanlyk ösümlik hem-de tumar hökmünde ulanmak täri has gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ösümlik barada gadymy «Awesta» kitabynda hem bellenilip geçilýär. Halkymyzda tutumly işiň başy tutuljak bolnanda, öýe täze gelin gelende, täze ulag alnanda, täze jaýa göçülende, doglan bäbejik bäbekhanadan getirilende, ýatagyndaky mallary köpelen wagtlarynda «gözden-dilden, bela-beterden gorasyn» diýlip, şeýle-de maşgalada biri dümewlese, üzärlik tütedilipdir. Üzärligiň tüssesi syrkaw-sökelleri bejermekde möhüm ähmiýete eýedir.

Lukmanyň maslahaty

Iýmit zäherlenmesiniň öňüni almak Azyk önümlerinden adamlaryň zäherlenýän ýagdaýlary seýrek hem bolsa, duş gelýän hadysadyr. Miwe we bakja önümleri ýetişende, olaryň hakyky görnüşini, tagamyny ýitirmän köpräk saklamak üçin gaplaýarlar. Ýöne, arassaçylyk kadalary we önümiň gaplanyş usullary dogry berjaý edilmese, örän agyr botulizm zäherlenmesine getirýär. Çünki bu keseli emele getirijiler howasyz ýerlerde köpelmäge ukyplydyr. Botulizm, bu agyr zäherlenme bolup, kesel özüni emele getirijiler ýa-da zaýalanan önümleri iýmek arkaly döreýär. Onuň esasy alamatlarynyň biri merkezi nerw ulgamynyň işini bozýandygydyr.

Hassa bolmazdan burun...

Hormatly ildeşler! Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde saglygyňyzy goramak ugrunda zerur bolan düzgün-kadalary, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hökmandyr. Şeýle-de gündelik С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri köpräk kabul etmeli. Iş ýeriňizde hem-de öýüňizde otaglaryň howasyny çalşyp durmaly. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaly däl. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

Möhüm ugruň kämil derejesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda saglyk öýleri, döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Olar dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzda geçen sanlyja ýylda saglygy goraýşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünliklere ýetilip, beýik işler amala aşyryldy. Çünki ynsan hakyndaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany mydama üns merkezinde saklaýan döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini we ýokary derejedäki sporty ösdürmek boýunça anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy baradaky alada esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Beden maşklarynyň ähmiýeti

Hereket — saglygyň sakasy, sagdynlygyň esasy gözbaşy hasaplanýar. Adam bedeni üçin fiziki maşklaryň aýratyn ähmiýetlidigi hemmämize mälimdir. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende göterýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan her bir adam öz şahsy mümkinçiliklerini hem-de bedeniniň özboluşlylygyny nazara alyp, maşklaryň ýönekeýinden has çylşyrymlyragyna çenli päsgelsiz geçmegi başarmaly. Çendenaşa aňsat we ýeňil maşklaryň garaşylýan netijeleri bermeýän ýagdaýlary-da bolýar. Aşa agram we zor salyp ýerine ýetirilen maşklar hem bedene zeper ýetirmegi mümkin. Şonuň üçin bedene düşýän agramy geçilýän türgenleşikler bilen sazlaşdyrmaly. Her bir adam özüne laýyk gelýän sportuň görnüşlerini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp saýlap almaly. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygyňy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşyny sazlaşdyrýar. Fiziki maşklary ýerine ýetirmek bedeniň, aýratyn-da, el-aýak, döş hem-de çiginleriň berkemegine kömek berýär, dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmeg

Güýz paslynda

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli.

Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

Ýiti respirator keseli — bu wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Ol wirus ýokanjynyň agyr geçmegi we gaýraüzülmeleriň bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýe bolup, ýylyň dowamynda, esasan, güýz, gyş aýlarynda ýüze çykýar. Wirusly näsag adam asgyranda we üsgürende beýleki sagat adamlara howa damja ýoly bilen ýokuşýar. Wirusyň dem alyş ýollaryndan bölünip çykyşy, näsagda esasy alamatlaryň ýüze çykmagyndan birki gün öň başlaýar we keseliň alamatlary aýrylandan soň, 5 — 7 günden soň bes edýär. Olaryň köpelmegi tiz wagtda bolup geçýär we şol sebäpli hem gizlin döwri gysga bolýar. Bu adamlaryň ýapyk jaýlarda köp ýygnanmagy, wirusyň ýaşamagy üçin gyş aýlary gowy şert bolup durýandygy bilen düşündirilýär. Şeýle-de keseliň ýaýramagy beýleki ýiti respirator wirus ýokanjynyň köpelmegi bilen gabat gelýär. Keselleme howpy, esasan, bir ýaşa ýetmedik çagalarda, gartaşan adamlarda, göwreli aýallarda ýokarydyr.