Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

11 Oktýabr 2023
368

Ýiti respirator keseli — bu wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Ol wirus ýokanjynyň agyr geçmegi we gaýraüzülmeleriň bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýe bolup, ýylyň dowamynda, esasan, güýz, gyş aýlarynda ýüze çykýar.

Wirusly näsag adam asgyranda we üsgürende beýleki sagat adamlara howa damja ýoly bilen ýokuşýar. Wirusyň dem alyş ýollaryndan bölünip çykyşy, näsagda esasy alamatlaryň ýüze çykmagyndan birki gün öň başlaýar we keseliň alamatlary aýrylandan soň, 5 — 7 günden soň bes edýär. Olaryň köpelmegi tiz wagtda bolup geçýär we şol sebäpli hem gizlin döwri gysga bolýar. Bu adamlaryň ýapyk jaýlarda köp ýygnanmagy, wirusyň ýaşamagy üçin gyş aýlary gowy şert bolup durýandygy bilen düşündirilýär. Şeýle-de keseliň ýaýramagy beýleki ýiti respirator wirus ýokanjynyň köpelmegi bilen gabat gelýär. Keselleme howpy, esasan, bir ýaşa ýetmedik çagalarda, gartaşan adamlarda, göwreli aýallarda ýokarydyr.

Dursun GÜLSARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji Saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar