Beden maşklarynyň ähmiýeti

11 Oktýabr 2023
435

Hereket — saglygyň sakasy, sagdynlygyň esasy gözbaşy hasaplanýar. Adam bedeni üçin fiziki maşklaryň aýratyn ähmiýetlidigi hemmämize mälimdir. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende göterýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan her bir adam öz şahsy mümkinçiliklerini hem-de bedeniniň özboluşlylygyny nazara alyp, maşklaryň ýönekeýinden has çylşyrymlyragyna çenli päsgelsiz geçmegi başarmaly. Çendenaşa aňsat we ýeňil maşklaryň garaşylýan netijeleri bermeýän ýagdaýlary-da bolýar. Aşa agram we zor salyp ýerine ýetirilen maşklar hem bedene zeper ýetirmegi mümkin. Şonuň üçin bedene düşýän agramy geçilýän türgenleşikler bilen sazlaşdyrmaly.

Her bir adam özüne laýyk gelýän sportuň görnüşlerini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp saýlap almaly. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygyňy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşyny sazlaşdyrýar. Fiziki maşklary ýerine ýetirmek bedeniň, aýratyn-da, el-aýak, döş hem-de çiginleriň berkemegine kömek berýär, dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär. Mundan başga-da, saglygy berkitmekde, ýürek-damar, dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrmakda, dürli keselleriň öňüni almakda, daýanç-hereket ediş ulgamyny berkitmekde peýdalydyr.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar