Hassa bolmazdan burun...

11 Oktýabr 2023
282

Hormatly ildeşler! Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde saglygyňyzy goramak ugrunda zerur bolan düzgün-kadalary, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hökmandyr. Şeýle-de gündelik С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri köpräk kabul etmeli. Iş ýeriňizde hem-de öýüňizde otaglaryň howasyny çalşyp durmaly. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaly däl.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar