Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy

11 Oktýabr 2023
323

Eger siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, hökman lukmana ýüz tutmaly, maşgala lukmany tarapyndan bellenen bejergini almaly. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyrmagy, üşütmek we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri pugta berjaý etmeli. Elleriňizi arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, burnuň nemli bardasyna hökman «Oksolin» melhemini çalmaly.

Gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdalydyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmegi endik edinmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar