Lukmanyň maslahaty

11 Oktýabr 2023
442

Iýmit zäherlenmesiniň öňüni almak

Azyk önümlerinden adamlaryň zäherlenýän ýagdaýlary seýrek hem bolsa, duş gelýän hadysadyr. Miwe we bakja önümleri ýetişende, olaryň hakyky görnüşini, tagamyny ýitirmän köpräk saklamak üçin gaplaýarlar. Ýöne, arassaçylyk kadalary we önümiň gaplanyş usullary dogry berjaý edilmese, örän agyr botulizm zäherlenmesine getirýär. Çünki bu keseli emele getirijiler howasyz ýerlerde köpelmäge ukyplydyr. Botulizm, bu agyr zäherlenme bolup, kesel özüni emele getirijiler ýa-da zaýalanan önümleri iýmek arkaly döreýär. Onuň esasy alamatlarynyň biri merkezi nerw ulgamynyň işini bozýandygydyr.

Amangeldi ESENGELDIÝEW,
Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar