Saglygy goramagyň ilkinji ädimleri

11 Oktýabr 2023
318

Saglyk ynsana tebigatyň eçilen iň uly baýlygydyr. Ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň sakasy hem saglykdyr. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda il-günüň saglygy baş gymmatlyk hökmünde ähli zatdan ileri tutulýar. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary, iň ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş desgalary bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen güneşli Diýarymyzda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar.

Şeýle jogapkärli wezipelerden ugur alyp, biz hem güýzüň häzirki günlerinde halkymyza arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi, pasla görä geýnip, açyk howada gezelenç etmegi, diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suw içmegi maslahat berýäris. Güýz paslynyň gelmegi bilen öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almak hem saglygymyzy goramak üçin öňe ädilen ädimdir.

Çemen BEGLIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar