Ajaýyp üstünlikleriň beýany

11 Oktýabr 2023
487

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Halkara serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar