Belent döwrüň ýalkawy

11 Oktýabr 2023
522

Saýat etrap hassahanasynyň durkunyň täzelenilip, ulanylmaga berilmegi hem etrabyň ýaşaýjylaryna uly saglyk serpaýy boldy. 150 orunlyk hassahanada işgärleriň 335-si halka hyzmat edýär. Bu ýerde bölümleriň 10-sy, ýagny iç keselleri, hirurgiýa, çaga dogruş, aýal keseller, çagalar, fizioterapiýa, laboratoriýa, anyklaýyş we maslahat beriş, radiologiýa hem-de ýokanç keseller bölümleri bolup, olaryň ählisi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi.

Birbada näsaglaryň 20-si kabul edilýän iç keselleri bölümine täze elektrokardiografiýa enjamy oturdyldy. Şeýle-de otaglaryň ählisinde kislorod paýlaýjylar bar. 24 orunlyk hirurgiýa bölüminde bolsa ýokary hilli amal otagy hereket edýär. Bu ýerdäki innowasion operasiýa stoly, laporoskop, kogulýator enjamlary amallaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün edýär. Çaga dogruş bölümindäki operasion zaly we dogrum otaglary hem ähli amatlylyklary özünde jemleýär. Bu ýerde täze doglan näsag çagalar üçin awtomatik usulda kislorod, ýylylyk we çyglylyk paýlaýjy enjamyň, şeýle-de zenan kesellerini anyklaýyş abzallaryň kömegi bilen bejergi işleriniň netijeliligi has-da artýar.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar