Il saglygy — ýurt baýlygy

11 Oktýabr 2023
868

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri gurlup ulanmaga berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamy dünýäniň öňdebaryjy innowasion ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzdaky döwrebap saglygy goraýyş merkezlerine lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary giňden ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» tassyklanmagy hem milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Amanmyrat GELÄÝEW,
Akdepe etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar