"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sag­ly­gyň on sy­ry

Adam JEKSON (Bu häzirki döwrüň göçme manyly hekaýasy bolup, ol siziň durmuşyňyzy üýtgetmäge kömek eder)

Sagdyn jemgyýet — abadan durmuş

Ilatyň saglygy döwletiň kuwwatynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanýar. Işe ukyply, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlar, dörediji şahsyýetler näçe köp bolsa, döwletiň ösüş tizligi hem şonça ýokarydyr. Şonuň üçin hem berkarar döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin öňküden-de oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işler dürli ugurlarda alnyp barylýar. Döwrebap keselhanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka göwnejaý hyzmat etmegini guramakdan başga-da, ilatyň saglyk babatda düşünjeliligini artdyrmakda hem aladalar edilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynda ösýän dürli ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, duş gelýän ýerleri, ulanylyşy hakynda ylmy maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklaryny beýan edýän ylmy-ensiklopedik işiniň golaýda XV kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa bizi buýsandyran wakalaryň biri boldy. Türkmen topragynyň derde melhem ösümlikleri ynsan saglygyny berkidiji tebigy se

Saglygyň gadyryny bilgil...

1. Güýz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. 2. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

Gymmatly ylmy gollanma

Lukman Arkadagymyzyň ylmy garaýyşlarydyr gözleglerini özünde jemleýän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserleri, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin gündelik alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde gymmatly gollanmalardyr. Ýakynda bolsa Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň täze, 15-nji jildi neşir edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlaryny tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr» diýip nygtamak bilen, ata Watanymyzyň sahawatly topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn içgin öwrenmäge uly ähmiýet berýär. Bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik iş daşary ýurt dillerine-de terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär. Hormatly Arkadagy

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary — bagtyýar geljegiň şamçyragy

Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Çünki kitap — kämilligiň gözbaşy. Alym aýtmyşlaýyn, kitap adamzadyň geçen ýoly baradaky iň gysga hasabatdyr. Ynha, bu günki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykýan her bir eseri ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi, çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar, geljegi bagtyýar etmegiň aýdyň salgysy bar.

Te­bi­ga­tyň eg­sil­mez ha­zy­na­sy

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik eser­le­ri adam sag­ly­gy­nyň go­ra­gyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ol eser­ler­dä­ki ýur­du­my­zyň te­bi­ga­tyn­da bit­ýän ösüm­lik­le­riň peý­da­sy­nyň sag­lyk üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi ba­ra­da­ky yl­my ga­ra­ýyş­la­ryň dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­me­gi ola­ryň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­niň bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­me­gi­dir.

Sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti

Türgeniň dogry iýmitlenmegi onuň şowly çykyş etmeginde diýseň uly ähmiýete eýedir. Çünki türgenleşikleriň – fiziki işjeňligiň netijesinde kän energiýa sarp edilmegi bilen, beden ýokary derejedäki dikeldişi talap edýär. Aýratyn hem, eger türgenleşikler her gün alnyp barylýan bolsa, iýmitiň üsti bilen bedeniňi gurplandyrmagyň yzygiderliligini saklamak zerurlygy ýüze çykýar. Türgeniň iýmitlenişinde umumy iýmit deňagramlylygy saklanmalydyr. Ol sportuň görnüşine hem-de türgenleşikleriň derejesine görä üýtgäp biler. Muňa garamazdan, sportuň islendik görnüşi ýa-da dürli derejeli türgenleşikler bilen meşgullanýan türgenleriň ählisi üçin peýdaly bolan iýmitler hem bar. Tüwi, gök önümleriň birnäçesi, ter miwelerden taýýarlanan şire, hoz, balyk, gatyk hem-de arassa agyz suwy türgenleriň ählisi üçin zerur bolan peýdaly maddalary özünde jemleýär.

Güýzüň peýdaly nygmatlary

Güýz paslynda howanyň sowap başlamagy bilen, saglygymyz baradaky alada esasy orna çykýar. Gyşda gyzgyn we gurply tagamlary isleýän bolsak, tomusda gök önümlerdir miweler özüne çekýär. Howanyň üýtgeýän döwründe bolsa täze şertlere uýgunlaşýan bedeniň nähili iýmitleri talap edýändigini anyklamak ýeňil däl. Bu döwürde güýzde ýetişýän ýokumlara baý bolan miweler we gök önümler bilen iýmitlenmek zerurdyr. Sagdyn iýmitlenmek üçin miweler we gök önümler saýlanyp alnanda olaryň terligine ähmiýet bermelidir. Şeýle hem dürli-dürli miweler bilen iýmitlenmeli. Çünki bir önümde ýetmezçilik edýän peýdaly maddalar beýlekide bolan ýokumlar bilen doldurylýar. Miweler we gök önümler ganyň düzüminde şekeriň derejesini sazlamaga kömek edýär, iýmit siňdiriş ulgamynyň gormonlarynyň işlenip çykarylmagyny ýokarlandyrýar, işdäňi sazlamaga we bedeniň agramyny kadaly saklamaga kömek edýär.

Saglygymyz öz elimizde!

Güýzde günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, bu döwürde döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýniň! Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaga ýardam berer.

«Ýaşyl dermanhananyň» ensiklopediýasy

10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary

Gymmatly gollanma

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak  babatda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli üstünlikleriniň beýany boldy. Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk düýpli ylmy işi bolan ensiklopedik eseriniň täze jildi  dünýäde lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky uly goşandydyr. Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň tutuş halkymyz bilen birlikde, dünýäniň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärler we lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyplar üçin gymmatly gollanma bolandygyny buýsanç bilen nygtaýarlar. 

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.  2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglyk ätiýaçlandyrmasy: nähili ýeňillikler göz öňünde tutulýar?

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň her bir güni ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly özgerişlikler bolup geçýär. Halkyň saglygyna ýurduň baş baýlygy hökmünde seredýän hormatly Prezidentimiziň her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagyny gazanmak ugrundaky yzygiderli tagallalary bilen döwletimizde ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk hyzmatyndan peýdalanmagy üçin oňaýly şertler döredildi. 1996-njy ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde girizilen, tölegli lukmançylyk hyzmatlaryna ýeňillikler göz öňünde tutulan Döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy dünýä derejesinde kämil lukmançylyk hyzmatynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen aladanyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soraň, jogap berýäris

Nesliňde howply kesel bar bolsa.... «Ejemde galkan şekilli mäziň howply keseliniň bardygy anyklanyldy. Hirurg operasiýa edip, mäzi aýyrdy. Bu operasiýany geçiren näsaga nähili ideg etmeli? Galkan şekilli mäziň howply täze döremesi nesilden-nesle geçýärmi?».

Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

Ýurdumyzda isleg bildirýän raýatlar üçin dümewe we beýleki ýokanç kesellere garşy ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Möwsümleýin ýüze çykýan keselleriň öňüni alyş çäreleri

Pasyllaryň çalyşmagy, ýagny tomsuň öz ornuny güýz paslyna bermegi bilen beden saglygymyzy berkitmek, ony dürli kesellerden goramak babatda jogapkärçiligimiz ýokarlanýar. Sepgitde howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen allergiýa ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy mümkin. Hususan-da, güýz paslynda howanyň üýtgemegi bilen käbir adamlarda, galyberse-de, çagalarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Bu döwürde käbir adamlarda — allergenleriň täsirine duýgurlygynyň ýokarlanmagy netijesinde allergiýa döreýär. Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp bilýär. Burundan suwuklygyň akmagy, gözüň ýaşarmagy ýa-da gyzarmagy, asgyrma, bedende dörän uly bolmadyk örgün, gijilewük we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň alamatlary bolup biler. Bu ýagdaý bedene gyjyndyryjy allergen düşenden soň başlanýar, ýagny oňa jogap reaksiýasy höküminde allergiýa alamatlary ýüze çykýar. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý ýüze çykan dessine derrew lukmana ýüz tutmak, gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmek hökmanydyr.

Üsgülewük haýsy keseliň alamaty?

Üsgülewük — köplenç, sowuklamanyň netijesinde ýüze çykýar we başga-da käbir keselleriň alamaty hökmünde duş gelýär. Sowuklamada, pnewmoniýada, bronhial demgysmada, bokurdaga del jisimiň düşmegi netijesinde, ýakymsyz ysly ýa-da zäherli maddalar ysgalanda, ýürek ýetmezçiligi sebäpli kiçi ganaýlanyş ulgamynda durgunlylyk dörände gury, nemli gakylykly, tutgaý görnüşli ýa-da wagtal-wagtal peýda bolýan üsgülewük ýüze çykýar. Çagalarda sowuklama we üsgülewük ululara garanyňda has ýygy duş gelýär. Sowuklamany, köplenç, wiruslar we bakteriýalar döredýär. Olar dem alyş ýollarynyň dürli böleklerinde: burunda, bogazda, kekirdekde, traheýada, bronhlarda we öýkende keseliň döremegine sebäp bolýar.

Şeker süýji, ýöne...

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň umumy endokrinologiýa bölüminiň lukmany Ogulsona Babaýewa žurnalist Narjan Kasymowa bilen söhbetdeşlikde adamyň gündelik iýmitinde giňden ulanylýan önüm bolan şekeriň saglyga täsiri barada gürrüň berýär. Şeker, edil duz, dürli görnüşli ýaglar (şol sanda mal ýaglary) ýaly ýaşaýyş üçin zerur gerek. Ýöne artykmaç mukdarda ulanylanda onuň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigi hem mälimdir. Şekeriň, onda-da senagatda işlenen şekeriň köp mukdarda yzygiderli ulanylmagy maddalaryň alyş-çalşynyň (metabolizm) bozulmagyna, semizligiň, süýjüli diabetiň döremegine itergi berip bilýär.

Halyň niçik, ýetginjek?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa ýetginjegiň fiziki, psihiki saglygyny goramagyň ugur-ýollary barada Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň müdiri Aşgabat Nohurow bilen söhbetdeş boldy. — Söhbetimize ýetginjekleriň gün tertibiniň guralyşyndan başlaýalyň...

Saçlaryňyz sagdyn bolsun diýseňiz...

Sagdyn saçlar diňe bir adamyň saglygynyň görkezijisi bolman, eýsem, ol onuň öz-özüne we daşky keşbine bolan garaýşyny hem aýdyň aňladýar. Saçlara nähili ideg etmeli? Elbetde, her görnüşli saç üçin özboluşly ideg çärelerini we serişdelerini saýlap almak gerekdir. Saçlaryň aýratynlygy