Sagdyn jemgyýet — abadan durmuş

23 Oktýabr 2023
467

Ilatyň saglygy döwletiň kuwwatynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanýar. Işe ukyply, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlar, dörediji şahsyýetler näçe köp bolsa, döwletiň ösüş tizligi hem şonça ýokarydyr. Şonuň üçin hem berkarar döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin öňküden-de oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän işler dürli ugurlarda alnyp barylýar. Döwrebap keselhanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka göwnejaý hyzmat etmegini guramakdan başga-da, ilatyň saglyk babatda düşünjeliligini artdyrmakda hem aladalar edilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynda ösýän dürli ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, duş gelýän ýerleri, ulanylyşy hakynda ylmy maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklaryny beýan edýän ylmy-ensiklopedik işiniň golaýda XV kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa bizi buýsandyran wakalaryň biri boldy. Türkmen topragynyň derde melhem ösümlikleri ynsan saglygyny berkidiji tebigy serişdelerdir. Tebigatyň eçilen baýlyklaryny eserde maslahat berlişi ýaly, ýerlikli ulanmak, olary gorap saklamak bolsa her birimiziň borjumyzdyr.

Kakabaý NURLYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gospital hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar