Sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti

20 Oktýabr 2023
392

Türgeniň dogry iýmitlenmegi onuň şowly çykyş etmeginde diýseň uly ähmiýete eýedir. Çünki türgenleşikleriň – fiziki işjeňligiň netijesinde kän energiýa sarp edilmegi bilen, beden ýokary derejedäki dikeldişi talap edýär. Aýratyn hem, eger türgenleşikler her gün alnyp barylýan bolsa, iýmitiň üsti bilen bedeniňi gurplandyrmagyň yzygiderliligini saklamak zerurlygy ýüze çykýar.

Türgeniň iýmitlenişinde umumy iýmit deňagramlylygy saklanmalydyr. Ol sportuň görnüşine hem-de türgenleşikleriň derejesine görä üýtgäp biler. Muňa garamazdan, sportuň islendik görnüşi ýa-da dürli derejeli türgenleşikler bilen meşgullanýan türgenleriň ählisi üçin peýdaly bolan iýmitler hem bar. Tüwi, gök önümleriň birnäçesi, ter miwelerden taýýarlanan şire, hoz, balyk, gatyk hem-de arassa agyz suwy türgenleriň ählisi üçin zerur bolan peýdaly maddalary özünde jemleýär.

Beýleki habarlar