Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary — bagtyýar geljegiň şamçyragy

22 Oktýabr 2023
562

Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Çünki kitap — kämilligiň gözbaşy. Alym aýtmyşlaýyn, kitap adamzadyň geçen ýoly baradaky iň gysga hasabatdyr. Ynha, bu günki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykýan her bir eseri ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi, çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar, geljegi bagtyýar etmegiň aýdyň salgysy bar.

Mahym SELIMOWA,
TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar