Güýzüň peýdaly nygmatlary

20 Oktýabr 2023
413

Güýz paslynda howanyň sowap başlamagy bilen, saglygymyz baradaky alada esasy orna çykýar. Gyşda gyzgyn we gurply tagamlary isleýän bolsak, tomusda gök önümlerdir miweler özüne çekýär. Howanyň üýtgeýän döwründe bolsa täze şertlere uýgunlaşýan bedeniň nähili iýmitleri talap edýändigini anyklamak ýeňil däl. Bu döwürde güýzde ýetişýän ýokumlara baý bolan miweler we gök önümler bilen iýmitlenmek zerurdyr.

Sagdyn iýmitlenmek üçin miweler we gök önümler saýlanyp alnanda olaryň terligine ähmiýet bermelidir. Şeýle hem dürli-dürli miweler bilen iýmitlenmeli. Çünki bir önümde ýetmezçilik edýän peýdaly maddalar beýlekide bolan ýokumlar bilen doldurylýar. Miweler we gök önümler ganyň düzüminde şekeriň derejesini sazlamaga kömek edýär, iýmit siňdiriş ulgamynyň gormonlarynyň işlenip çykarylmagyny ýokarlandyrýar, işdäňi sazlamaga we bedeniň agramyny kadaly saklamaga kömek edýär.

Jennet TOÝMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iç keselleri boýunça DST kafedrasynyň kliniki ordinatory.
Beýleki habarlar