Saglyk ätiýaçlandyrmasy: nähili ýeňillikler göz öňünde tutulýar?

19 Oktýabr 2023
633

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň her bir güni ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly özgerişlikler bolup geçýär. Halkyň saglygyna ýurduň baş baýlygy hökmünde seredýän hormatly Prezidentimiziň her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagyny gazanmak ugrundaky yzygiderli tagallalary bilen döwletimizde ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk hyzmatyndan peýdalanmagy üçin oňaýly şertler döredildi.

1996-njy ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde girizilen, tölegli lukmançylyk hyzmatlaryna ýeňillikler göz öňünde tutulan Döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy dünýä derejesinde kämil lukmançylyk hyzmatynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen aladanyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Aýna ANNAMYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar