Möwsümleýin ýüze çykýan keselleriň öňüni alyş çäreleri

19 Oktýabr 2023
622

Pasyllaryň çalyşmagy, ýagny tomsuň öz ornuny güýz paslyna bermegi bilen beden saglygymyzy berkitmek, ony dürli kesellerden goramak babatda jogapkärçiligimiz ýokarlanýar. Sepgitde howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen allergiýa ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy mümkin. Hususan-da, güýz paslynda howanyň üýtgemegi bilen käbir adamlarda, galyberse-de, çagalarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Bu döwürde käbir adamlarda — allergenleriň täsirine duýgurlygynyň ýokarlanmagy netijesinde allergiýa döreýär. Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp bilýär.

Burundan suwuklygyň akmagy, gözüň ýaşarmagy ýa-da gyzarmagy, asgyrma, bedende dörän uly bolmadyk örgün, gijilewük we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň alamatlary bolup biler. Bu ýagdaý bedene gyjyndyryjy allergen düşenden soň başlanýar, ýagny oňa jogap reaksiýasy höküminde allergiýa alamatlary ýüze çykýar. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý ýüze çykan dessine derrew lukmana ýüz tutmak, gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmek hökmanydyr.

Kümüş DÜŞEMOWA,
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň alym kätibi.
Beýleki habarlar