Gymmatly ylmy gollanma

23 Oktýabr 2023
410

Lukman Arkadagymyzyň ylmy garaýyşlarydyr gözleglerini özünde jemleýän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserleri, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin gündelik alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde gymmatly gollanmalardyr. Ýakynda bolsa Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň täze, 15-nji jildi neşir edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlaryny tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr» diýip nygtamak bilen, ata Watanymyzyň sahawatly topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn içgin öwrenmäge uly ähmiýet berýär. Bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik iş daşary ýurt dillerine-de terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär. Hormatly Arkadagymyzyň milli fitoterapiýa baradaky bu ylmy kitaby ata-babalarymyzyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän pähim-paýhasyny, tejribesini, şeýle-de dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman gazananlaryny özünde jemleýär. Tebigy baýlyklarymyz bolan dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlar bilen göwnejaý bezelmegi bolsa şol ösümlikleri tanamaga we ýakyndan tanyşmaga kömek edýär. Şeýle hem munuň özi ýaş nesillerimizde gözel tebigatymyza bolan söýgini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Gurban KARANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar