Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Tebigata söýgi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak — sagdyn durmuşyň kepili» diýen at bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynda geçirilen maslahat Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlandy. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Şondan bäri ol 5-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda biziň ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Bu sene her bir adama ekologiýa jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşmegiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljekki nesliň bähbidine gorap saklamak barada pikirlenmek üçin esas bolýar.

Tylla tumarly tomus

(Oýlanma) Tylla tumarly tomsum, bosagamyzdan birkemsiz bezenip ätleýşiň göwnümize hoş ýakýar. Zynata beslenen gülleriňem baharyň güllerinden has tapawutly. Tomsuň gülleriniň reňki zerewşan. Hasyla duran miweli agaçlaryň datly ir-iýmişleri dahanyňa tagam, göwnüňe kanagat berýär, tomsum! Gallaly meýdanlar deňiz kibi tolkunyp, sümmüller adaja şemala birgeňsi yranyşýar.

Zirk – ül­kä­mi­ziň gym­mat­ly ha­zy­na­sy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklarda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde esasy gollanma bolup durýar. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň peýdaly häsiýetlerini ulanyp, derman serişdeleri taýýarlamak boýunça ylmy esaslary işläp düzmek möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şu maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyndaky Umumy we amaly biologiýa institutynyň ylmy işgärleri hem bu babatda dürli ylmy işlerini alyp barýarlar. Özünde biologiki işjeň maddalary saklaýan ösümlikleriň has giň ulanylýan ýeri farmasewtikadyr. Ata Watanymyzda bitýän ösümlikleriň 2000-den gowragynyň dermanlyk häsiýetiniň bardygy ylmy gözlegler esasynda mälim edilen. Şeýle ösümlikleriň biri hem zirkdir. Zirk gülli ösümliklere degişli bolan medeni we dermanlyk ösümlikdir. Onuň boýy 1-5 metre ýetip, aram we subtropik klimatly ýerlerde ösýän gyrymsy agaçdyr. Görnüş dürlüligi Aziýa ýurtlaryna has köp ýaýrapdyr. Zirk Diýarymyzda Uly Balkanda, Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýär we Magtymguly etrabynda bolsa on

Gözel tebigatyň abadançylygy

Te­bi­gat — ýa­şaý­şyň çeş­me­si. Te­bi­gat bi­len ys­ny­şyk­ly ýa­şa­mak aba­dan­çy­ly­gyň hem-de sag­ly­gyň şer­ti­dir. Eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu me­se­lä­niň wa­jyp­ly­gy we dün­ýä­de äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy eko­lo­gi­ýa­nyň bü­tin adam­za­dyň gel­je­gi­ne düýp­li tä­sir ed­ýän­li­gi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Ýur­du­myz­da ila­tyň ara­syn­da tebigat baradaky bi­lim­le­ri giň­den ýaý­rat­mak, eko­lo­gi­ýa abadançylygy ba­ba­t­da­ky mag­lu­mat­lar bi­len ha­bar­ly hem-de daşky gurşawy goramagy wa­gyz-ne­si­hat et­mek me­se­le­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Eko­lo­gik bi­li­me we ter­bi­ýä mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­gi ýaş nes­liň daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga my­na­syp go­şan­dy­ny go­şup bil­jek adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin döw­let ta­ra­pyn­dan de­giş­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar.

Akjagaýany, zeňňibabany görseň…

Türkmen sährasy täsinliklere baý. Şeýle täsinlikler Daşoguz topragynda-da näçe diýseň bar. Bu ýerlere gezelenç etseň, täsin Akjagaýa çöketligi özüniň ululygy bilen haýrana goýsa, Gaplaňgyryň belent kertleri, Uzboýuň guran hanalary seniň pikirleriňi taryhy wakalaryň arasyna alyp gider. Ýazhanyň süýji suwundan ganyp, Zeňňibaba kölüniň töweregindäki sazak tokaýlygynda dynç alyp oturyşyňa, şu giden baýlyga seniňem şärikdigiňe bolan buýsanç kalbyňa dolar. Çägeli düzlükde ýerleşýän, nal görnüşindäki Akjagaýa çöketligi. Onuň çuňlugy boýunça Mangyşlakdaky Karagiýe çöketliginden soň Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýändigi barada meşhur alym W.Mirzoýew öz işlerinde ýazypdy. Ol şeýle çuňlugyň gury ýerde örän seýrek duş gelýändigini belläpdir. Çöketligiň düýbi bilen ylgap geçmegiň lezzeti başga. Bu ýere derýalar akmaýar, çeşmeler, guýular ýok. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda gidrogeologlaryň burawlan guýularyndan häzire çenli hem güýçli minerallaşan ýyly suw az-owlakdan akýar. Başga bir howa şertlerinde, elbetde, bu çöketlik ýagyş suwundan dolardy. Çöketligiň diwarlary amfiteatry ýatladýar. Gök, ak, gyzyl, gülgüne toýunlar, hekler mese-mälim görünýän guşaklygy emele getirýär. Geologlar aşaky gözýetimiň ýagty toýunlaryndan onlar

Haýsy gülleri halaýarsyňyz?

Güller tebigat gözelligini has-da gözel görke getirýänligi bilen täsin. Toý-baýramçylyklarda sowgatlyk gözlänimizde, ilki bilen, göz öňümize güller gelýär. Güller dürli ysly bolmak bilen, olaryň hersiniň özboluşly gözelligi, häsiýetli aýratynlygy bar. Belli bir güllere nazarymyzyň düşmeginiň häsiýetimiz bilen baglanyşyklydygyny alymlar belleýärler. Çopantelpegiň saryja güllerini halaýanlar maksada okgunly, başarjaň bolýarlar. Olar daşyndan sada ýaly görünseler-de, gaty beýle-de däl. Olar maşgalada bagta, söýgä ymtylýarlar, dostlugyň gadyryny bilýärler. Töwerek-daşyndaky gymmatlyklara hormat goýýarlar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Iýun

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04) Tomsuň ilkinji aýynda hamallaryň durmuşyny özgertmeler gurşap alar. Bu döwürde yhlasyňyzyň miwesini görersiňiz. Bu bolsa özüňizi bagtly duýmaga itergi berer. Iş ýeriňizi üýtgetmekçi bolsaňyz, iýun örän amatly wagtdyr. Aýyň birinji ýarymynda hamallara üstünlikler ýar bolar. Bu döwürde olar hemmeleriň ünsüni özüne çeker. Iýun aýynyň ortalarynda uly möçberli söwda işlerini amala aşyrmak maslahat berilmeýär. Ýakynlaryňyz bilen köpräk wagt geçirmäge çalşyň. Bu size ruhy taýdan dynç almaga uly ýardam eder. Olar bilen teatrlara, sergilere, kinoteatrlara gidip, medeniýetli dynç alyp bilersiňiz. Saglyk babatynda aýdanymyzda bolsa, hamallar öz bedenlerine aýratyn üns bermelidirler. Bu döwürde lukmanyň maslahaty bilen degişli bejergileri alyp bilersiňiz.

Daşky gurşawyň goragynda

Daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyz bu ugurda birnäçe halkara guramalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklaýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ykrar eden Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasyny, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasyny, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyny, Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýasyny görkezmek bolar. Ýurdumyzda Aral deňzi bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berilýär. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasyny» işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýerleriň çölleşmeginiň, şorlaşmagynyň öňüni almagyň, biodürlüligi gorap saklamagyň we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Duşenbe halkara maslahatynda we başga-da birnäçe forumlarda dünýä bileleşiginiň g

Keýikler

Özüniň owadanlygy bilen göreni haýrana galdyrýan keýikler sähralyklarda ýaşaýarlar hem-de tekiz düzlüklerde, dag eteklerinde süri bolup gezýärler. Nowruz baýramynyň yzysüre ýagýan ýagyş ýaýlalarda otlaryň parç bolup, gyzyl-ýaşyl gülleriň açylmagyna getirýär. Şu ýagyndan soň keýik garamygy diýen ot ösüp, ýeriň ýüzüne ýaýylýar. Ir baharda owlaklan ene keýikler bu otdan doýup daýanýarlar. Keýigokaralaryň ýagyş suwundan dolan okaralary bolsa olaryň teşneligini gandyrýar. Güýz we gyş pasyllarynda olar ýandak, ýowşan, sazak, ýylgyn pürleri we beýleki ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Aprel-maý aýlarynda ene keýik, adatça, ekiz, seýrek ýagdaýlarda ýalky ýa-da üçem owlaklaýar. Täze doglan owlajyk gününi ýatyp geçirýär. Diňe enesini emmek üçin ýerinden turýar. Ene keýik bolsa owlaklaryndan habar alyp durup, hüşgärligini saklaýar. Ýurdumyzda keýikleri goramaga aýratyn üns berilmegi olaryň gözel tebigatymyzda erkana ýaşamaklaryna ýardam edýär.

Ýurdumyzyň täsin ýerleri

DARAÝY DERE Garaşsyz ýurdumyzyň tebigaty gözelliklere, täsinliklere örän baýdyr. Olaryň ajaýyp görnüşleri, taryhy baradaky maglumatlar her bir adamyň ünsüni çekýär. Şeýle özboluşly mesgenleriň biri-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Daraýy dere jülgesidir.

Tokaýlarymyz — baýlygymyz

Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak we geljekki nesillere asyl görnüşinde ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Olara goraghanalar hakynda kabul edilen kanunlar, geçirilýän halkara maslahatlarynda möhüm meselelere yzygiderli seredilmegi we degişli çözgütleriň kabul edilmegi ýaly çäreler degişlidir. Şeýle möhüm işe üstümizdäki ýylda döredilenine 40 ýyl dolýan Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri-de saldamly goşant goşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmäge agzybirlik bilen gatnaşyp, köptaraply işleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. — 1982-nji ýylda döredilen goraghanamyzyň esasy wezipesi Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän sähralyk meýdanlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmekden ybaratdyr. Ol welaýatymyzyň Farap, Darganata we Dänew etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghanamyza derýanyň sag we çep kenarlaryndaky Gyzgala — Nargyz, Gabakly we Görelde bölümleri, Kelif çäkli goraghanasy, şeýle-de Amyderýanyň suw ýüzüniň bir bölegi hem girýär. Biziň alyp barýan işlerimiz şeýle giň meýdany eýeleýän goraghanamyzyň ösümlik we haýwanat dün

«Ömür agajy»

Özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, bu ýere gelýän jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde uzaklara ýaýylyp gidýän pisse jeňellikleri köplerde uly gyzyklanma döredýär. Biz hem pisse agajy we onuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda gürrüň bermegini haýyş edip, goraghananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maýa Sapargylyjowa ýüz tutduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi: — 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda esaslandyrylan, döredilen wagty tutýan meýdany 87 müň 680 gektara barabar bolanlygyndan häzirki wagta çenli 130 müň 430 gektara çenli giňelen Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik dünýäsinde pisse agaçlary özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen mese-mälim tapawutlanýar. Ilki bilen, bellemeli zat, onuň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigidir. Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «ömür agajy» diýlip atlandyrylýan pisse agajynyň boýy 5 — 7 metre uzasa, şahalary ýaýrap gidýär. Ol 45 — 50 derejeli yssa, 35 — 40 derejeli aýaza çydap bilýändigi bilen beýleki ösümlikleriň köpüsinden tapawutlanýar. Bu täsin agajyň ýene bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri onuň uzak ýaşap bilmek ukybynyň ýokarylygydyr. Başgaça aýdanyňda, ol 500 — 700, hatd

Almazyň ajaýyplygy

Dünýäde seýrek duş gelýän, özüniň ajaýyplygy, gözelligi bilen tapawutlanýan daşlar hemişe arzyly bolupdyr. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli gymmat bahaly daşlaryň — minerallaryň içinde iň tapawutlysy almazdyr. Indi müňlerçe ýyllar bäri almaz öz tebigy berkligi, çydamlydygy, gözelligi bilen adamzat neslini haýran galdyryp gelýär. Alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi» atly kitabynda «Almaz — kristal görnüşli tebigy gyraňlary bolan mineral daşa — göwhere geologlar almaz diýip at berýärler. Bezeg üçin köp ulanylýan bu daş özi ýaly daşlaryň içinde iň gymmatlysy we berkdigi, çydamlydygy, gatylygy babatda iň ýokary hillisi hasaplanýar. Beýleki daşlary almaz bilen kesip bolýan bolsa-da, almazy başga daşlar bilen kesip ýa-da owradyp bolmaýar. Şonuň üçin hem zergärleriň arasynda «Almazy almaz bilen keserler» diýen aýtgy ýörgünlidir. Ýeri gelende aýtsak, sakgal syrmakda ulanylýan iňňän ýiti we ýukajyk iki ýüzli päkilere-de il arasynda almazpäki diýilýär» diýip, belleýär.

Gojaman agaçlar — baş şäherimiziň tebigy ýadygärlikleri

Agaç nahallaryny ekmek, bagy-bossanlyk döretmek — ynsanyň çekýän halal we döredijilikli zähmetiniň şu goja Zemindäki iň ajaýyp ýadygärligi. Çünki bagy-bossanlyk, gülzarlyk gaýtalanmajak gözellik döretmek bilen birlikde, dem alýan howamyzyň hemişe tämiz, saglygymyz üçin tenekar bolmagyny-da şertlendirýär. Obadyr şäherlerimizde ekilen agaçlar, döredilen baglar, seýilgähler tebigatda köp sanly wezipäni ýerine ýetirýärler. Olar topragyň hasyllylygyna ýardam berýärler, ony zaýalanmakdan goraýarlar, atmosferany arassalap, çyglap, tämiz kislorod bilen yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Agaçlar daşky gurşawyň radiasiýa we temperatura kadalaryny sazlamakdan başga-da, bilen birlikde, ýeliň güýjüni we sesiň, goh-galmagalyň derejesini-de peseldýärler, köp haýwanlardyr guşlar üçin ýaşaýyş mesgeni we iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýärler.

Amazonka derýasy

Günorta Amerikadaky Amazonka derýasyny indeýler «Parana-King» («Derýalaryň şasy») diýip atlandyrýarlar. Hakykatdan-da, Amazonka ähli ölçegleri boýunça dünýäde iň uly derýadyr. Derýa her ýylda Atlantik okeanyna 3800 km3 suwuny guýýar. Bu san dünýäniň ähli derýalarynyň suwunyň 25 göterimine deňdir ýa-da Amyderýadan akýan suwdan 60 esse köpdür. Derýa öz suwuny 7 million inedördül kilometr meýdandan toplaýar. Bu san Awstraliýanyň meýdanyndan hem köpdür. Onuň okeana guýýan ýerlerindäki giňligi 200 kilometre, çuňlugy 100 metre ýetýär. Okean gämileri derýanyň ugry boýunça 3500 kilometre, ýagny Peru döwletiniň Ikitos şäherine çenli ýüzüp baryp bilýärler. Derýa hemişe köpsuwly bolmak bilen, suwunyň derejesi ýylyň dowamynda birmeňzeş saklanýar, sebäbi bu ýerlere ygal köp düşýär.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

ŞABADYŇ BOÝUNDAKY ÜZÜMLER Gadymy Şabat akabasynyň uzaboýuna küren tutup oturan obalar bir sapaga düzülen monjuk düwmelerine çalym edýär. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň «Şabat» daýhan birleşiginiň bereketli ekin meýdanlary hem bu akabany alkymlap, gaýralygyna, gözýetime sary uzalyp gidýär. Sähelçe şemala ygşyldaşyp oturan bugdaýly peller, hatar-hatar ýeralmaly ekin meýdanlary daýhan birleşiginiň çäginde tejribeli babadaýhanlaryň halal zähmet çekýändiginiň alamaty. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilmegi ýola goýlan miweli baglaryň dürli görnüşleri, esasan hem, ýaşajyk üzüm baglary göreniň gözüni egleýär.

Tebigy baýlyklaryň täsin hazynasy

Hazar deňziniň arassa, jana şypaly howasy, suwy, ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawy, ummasyz tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi onuň tebigy aýratynlyklary bolup durýar. Bu ýerde dürli deňiz jandarlarynyň köpelmegi, ösümlikleriň ösmegi üçin oňaýly tebigy şertler, täsin hem gaýtalanmajak ekologiýa ulgamy bar. Halklary ýakynlaşdyrýan, umumadamzat bähbitlerini birleşdirýän deňziň we onuň sebitiniň tebigy gözelliklerini goramak babatda edilýän tagallalar, durmuşa geçirilýän işler tebigatyň bize eçilen bu täsin hazynasyny geljekki nesillere tebigy ýagdaýda ýetirmek baradaky aladadan ugur alýar. Sebäbi ol sebitiň durnukly ösüşinde hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Hazarýaka sebitinde kabul edilen ekologiýa düzgünleriniň berjaý edilişine aýratyn talap bildirilýär. Onda gojaman deňziň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda Hazarýaka sebitinde ekologiýa taýdan goraglylygy üpjün etmek bilen, ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri babatda pikir alşyldy, bu ugurda çözgütler kabul edildi. Geçen ýylyň awgustynda Hazarýaka döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň

Suw — göwher

Goja zeminiň astyny-üstüni gurşap alan tebigy baýlyklaryň barçasy adamzat ýaşaýşy üçin zerur. Olar biziň gündelik durmuşymyza siňip gidipdir. Şeýle möhüm närseler daşymyzy gallap almasa, dowam edýän bu barlykda ýaşaýyş hakynda pikirlenmek asla mümkin däl. Şonuň üçinem adamzat asly dünýä inmänkä, oňa derwaýys bolan tebigy baýlyklar ýaradylypdyr. Wodorodyň we kislorodyň himiki birleşmesinden emele gelýän, reňksiz dury suwuklyk hasaplanýan suw hem Ýer ýüzünde arzylanýan bahasyz baýlyklaryň biri. Ylmy nukdaýnazara görä, suwuň düzümindäki wodorod — ýangyç, kislorod — oduň tutaşmagyna ýardam berýän reňksiz we yssyz gaz halyndaky himiki element. Şuňa seretseň, suwuň emele gelmegi juda geň. Megerem, şu ýagdaý onuň gadyr-gymmatyny artdyryp, arzylanýan baýlyk hökmünde öňe çykarýar. Filosofiýanyň garaýşy boýunça bolsa, dünýäniň ilkinji başlangyçlary hökmünde materiýanyň görnüşleriniň biri suw diýlip kabul edilýär. Bu pikire uýýan grek filosofy Falesiň hasaplamagyna görä, hemme zat suwdan döräp, suwa öwrülýär. Suw — Biribaryň keramaty bilen ýaradylan hazyna. Ygtybarly edebiýatlardaky: «Allatagala hemme zatdan öň bir päk göwher ýaratdy we göwhere haýbat bilen garady. Ol göwher bu nazardan eräp, suw boldy» diýen jümleler bu hakykata

Halk hojalygynyň esasy pudagy

Suw hem-de suw hojalygy adamzat üçin iň möhüm zerurlykdyr. Yssy howaly ýurtlarda bolsa suwuň gadyry has-da başgadyr. Hut şoňa görä-de, suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplan ata-babalarymyz: «Suw damjasy — altyn dänesi» diýip, ony gymmatly hazyna deňäpdirler. Diýarymyzyň taryhyna ser salsak, derýa bolsun, dag çeşmesi bolsun, ýa Garagumuň jümmüşinde tapawudy ýok, nirede suw bolsa, şol ýerde ýaşaýyş bolupdyr. Çünki biziň taryhymyz suwarymly ekerançylygyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Türkmenistanda suwaryşyň taryhy bäş müň ýyldan hem köpräk hasaplanylýar. Muňa Köpetdagyň eteginde, Daşoguzda, Sarahsda we beýleki ýerlerde tapylan hem-de şu günlere çenli saklanylyp galan suw desgalarynyň galyndylary şaýatlyk edýär. Islendik pudagy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, oňa tebigy, hojalyk we beýleki şertler gerekdir. Suw hojalygyny, suwarymly ekerançylygy ösdürmek üçin hem esasy zerur zatlar ýer we suw baýlygymyzdyr. Biziň ýurdumyz üçin has möhümi bolsa suwdur. Türkmen topragynyň esasy böleginiň sähralyk bolandygyny ýatlasak, onda taryhda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin näçe guýy gerek bolandygyna göz ýetirmek mümkin. Guýy gazmak işiniň näderejede kyndygyna seretmezden ata-babalarymyzyň agzybirlik bilen bu işiň hötdesinden gelendiklerine şu günki günlerimize çenli sa

Guşlar — tebigatyň bezegi

Gaýtalanmajak gözelliklere baý tebigaty bolan eziz Watanymyzda hasaba alnan guşlaryň aýratynlyklaryny öwrenmegiň uly ähmiýeti bar. Türkmen tebigatynyň guşlar dünýäsiniň dürli wekillerini tebigat gözellikleriniň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän gojaman Köpetdagdyr Köýtendagynda, uly we kiçi Balkan daglarynda, ýurdumyzyň çäginden akyp geçýän Merkezi Aziýada bol suwly derýalaryň biri bolan Amyderýada, şeýle hem Murgap, Tejen, Garagum, Etrek, Türkmen derýalarynda we olaryň kenarýaka tokaýlyklarynda, ol derýalaryň boýlaryndaky suw howdanlarynda, Hazarýaka döwletleriniň dostlukly gatnaşyklarynyň gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýe bolan Hazar deňziniň türkmen kenarynda, «Altyn Asyr» Türkmen kölünde we onuň akabalarynda, Sarygamyş we ýurdumyzyň çäginde bar bolan ululy-kiçili beýleki köllerde, ösümlik we haýwanat dünýäsine baý Garagum sähramyzda, açyk meýdanlarda, tebigy tokaýlyklarda, medeni ekin meýdanlarymyzda, döredilýän emeli tokaý zolaklarynda, şäherlerimizde, obalarymyzda, seýilgählerimizde mesgen tutup giňden ýaýrandyrlar. Eziz Watanymyzyň tebigatynda giňden ýaýran guşlar özüne çekiji, täsin, geň galdyryjy, guwandyryjy häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Guşlaryň ýaşaýyş işjeňligi daşky gurşawyň dürli täsirlerine — howanyň sowamagyna ýa-da gyzmagyna,