Daşky gurşawyň goragynda

26 Maý 2022
1024

Daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyz bu ugurda birnäçe halkara guramalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklaýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ykrar eden Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasyny, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasyny, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyny, Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýasyny görkezmek bolar. Ýurdumyzda Aral deňzi bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berilýär.

«Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasyny» işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýerleriň çölleşmeginiň, şorlaşmagynyň öňüni almagyň, biodürlüligi gorap saklamagyň we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Duşenbe halkara maslahatynda we başga-da birnäçe forumlarda dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy. Watanymyzyň suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda, çöl ösümlikleriniň we haýwanlaryň suw bilen üpjün edilmegini gazanmakda, zeý, şor suw akabalaryny arassalamakda Garagumuň jümmüşinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Onuň hereket etmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit we halkara derejedäki ekologik meseleleriň çözülmegine hem özüniň onyň täsirini ýetirer. Kölüň döredilmegi çölüň keşbiniň düýpgöter üýtgemegine, syýahatçylygyň, balykçylygyň ösmegine, bu ýere uçup gelýän guşlaryň sanynyň artmagyna, ýaşaýyş üçin amatly gurşawyň döremegine we ekerançylyk meýdanlarynyň peýda bolmagyna getirer.

«Daşoguz habarlary».