Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Iýun

26 Maý 2022
3746

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04)

Tomsuň ilkinji aýynda hamallaryň durmuşyny özgertmeler gurşap alar. Bu döwürde yhlasyňyzyň miwesini görersiňiz. Bu bolsa özüňizi bagtly duýmaga itergi berer. Iş ýeriňizi üýtgetmekçi bolsaňyz, iýun örän amatly wagtdyr. Aýyň birinji ýarymynda hamallara üstünlikler ýar bolar. Bu döwürde olar hemmeleriň ünsüni özüne çeker. Iýun aýynyň ortalarynda uly möçberli söwda işlerini amala aşyrmak maslahat berilmeýär. Ýakynlaryňyz bilen köpräk wagt geçirmäge çalşyň. Bu size ruhy taýdan dynç almaga uly ýardam eder. Olar bilen teatrlara, sergilere, kinoteatrlara gidip, medeniýetli dynç alyp bilersiňiz. Saglyk babatynda aýdanymyzda bolsa, hamallar öz bedenlerine aýratyn üns bermelidirler. Bu döwürde lukmanyň maslahaty bilen degişli bejergileri alyp bilersiňiz.