Tebigata söýgi

30 Maý 2022
1074

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak — sagdyn durmuşyň kepili» diýen at bilen maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynda geçirilen maslahat Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlandy. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Şondan bäri ol 5-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda biziň ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Bu sene her bir adama ekologiýa jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşmegiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljekki nesliň bähbidine gorap saklamak barada pikirlenmek üçin esas bolýar.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.