«Ömür agajy»

24 Maý 2022
1146

Özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, bu ýere gelýän jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde uzaklara ýaýylyp gidýän pisse jeňellikleri köplerde uly gyzyklanma döredýär. Biz hem pisse agajy we onuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda gürrüň bermegini haýyş edip, goraghananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maýa Sapargylyjowa ýüz tutduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:

— 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda esaslandyrylan, döredilen wagty tutýan meýdany 87 müň 680 gektara barabar bolanlygyndan häzirki wagta çenli 130 müň 430 gektara çenli giňelen Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik dünýäsinde pisse agaçlary özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen mese-mälim tapawutlanýar. Ilki bilen, bellemeli zat, onuň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigidir. Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «ömür agajy» diýlip atlandyrylýan pisse agajynyň boýy 5 — 7 metre uzasa, şahalary ýaýrap gidýär. Ol 45 — 50 derejeli yssa, 35 — 40 derejeli aýaza çydap bilýändigi bilen beýleki ösümlikleriň köpüsinden tapawutlanýar. Bu täsin agajyň ýene bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri onuň uzak ýaşap bilmek ukybynyň ýokarylygydyr. Başgaça aýdanyňda, ol 500 — 700, hatda 1000 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ýabany pisse agajynyň 25 ýyldan soň, ilkinji gezek gülläp başlaýandygy, 50 — 75 ýyldan soň gowy hasyl berip ugraýandygy hem bu agajyň özboluşly täsin taraplarynyň biridir. Ýeri gelende pisse agaçlary bilen baglanyşykly ylmy-barlag, gözegçilik işleriniň alnyp barylýandygyny hem aýtmalydyrys. Mysal üçin, 1948 — 1977-nji ýyllar aralygynda geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinde pisse agajynyň 30 ýylyň dowamynda 16 gezek hasyl berip, şonuň 5 gezeginiň köp hasylly, 5 gezeginiň pesräk hasylly, 6 gezeginiň bolsa juda pes hasylly bolandygy anyklanylypdyr.

Gürrüňi ýazga geçiren Selbi PALYÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi.