Keýikler

26 Maý 2022
960

Özüniň owadanlygy bilen göreni haýrana galdyrýan keýikler sähralyklarda ýaşaýarlar hem-de tekiz düzlüklerde, dag eteklerinde süri bolup gezýärler. Nowruz baýramynyň yzysüre ýagýan ýagyş ýaýlalarda otlaryň parç bolup, gyzyl-ýaşyl gülleriň açylmagyna getirýär. Şu ýagyndan soň keýik garamygy diýen ot ösüp, ýeriň ýüzüne ýaýylýar. Ir baharda owlaklan ene keýikler bu otdan doýup daýanýarlar. Keýigokaralaryň ýagyş suwundan dolan okaralary bolsa olaryň teşneligini gandyrýar. Güýz we gyş pasyllarynda olar ýandak, ýowşan, sazak, ýylgyn pürleri we beýleki ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Aprel-maý aýlarynda ene keýik, adatça, ekiz, seýrek ýagdaýlarda ýalky ýa-da üçem owlaklaýar. Täze doglan owlajyk gününi ýatyp geçirýär. Diňe enesini emmek üçin ýerinden turýar. Ene keýik bolsa owlaklaryndan habar alyp durup, hüşgärligini saklaýar. Ýurdumyzda keýikleri goramaga aýratyn üns berilmegi olaryň gözel tebigatymyzda erkana ýaşamaklaryna ýardam edýär.

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.