Akjagaýany, zeňňibabany görseň…

26 Maý 2022
1020

Türkmen sährasy täsinliklere baý. Şeýle täsinlikler Daşoguz topragynda-da näçe diýseň bar. Bu ýerlere gezelenç etseň, täsin Akjagaýa çöketligi özüniň ululygy bilen haýrana goýsa, Gaplaňgyryň belent kertleri, Uzboýuň guran hanalary seniň pikirleriňi taryhy wakalaryň arasyna alyp gider. Ýazhanyň süýji suwundan ganyp, Zeňňibaba kölüniň töweregindäki sazak tokaýlygynda dynç alyp oturyşyňa, şu giden baýlyga seniňem şärikdigiňe bolan buýsanç kalbyňa dolar.

Çägeli düzlükde ýerleşýän, nal görnüşindäki Akjagaýa çöketligi. Onuň çuňlugy boýunça Mangyşlakdaky Karagiýe çöketliginden soň Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýändigi barada meşhur alym W.Mirzoýew öz işlerinde ýazypdy. Ol şeýle çuňlugyň gury ýerde örän seýrek duş gelýändigini belläpdir. Çöketligiň düýbi bilen ylgap geçmegiň lezzeti başga. Bu ýere derýalar akmaýar, çeşmeler, guýular ýok. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda gidrogeologlaryň burawlan guýularyndan häzire çenli hem güýçli minerallaşan ýyly suw az-owlakdan akýar. Başga bir howa şertlerinde, elbetde, bu çöketlik ýagyş suwundan dolardy. Çöketligiň diwarlary amfiteatry ýatladýar. Gök, ak, gyzyl, gülgüne toýunlar, hekler mese-mälim görünýän guşaklygy emele getirýär. Geologlar aşaky gözýetimiň ýagty toýunlaryndan onlarça million ýyllar ýatan akula balygynyň dişlerini tapdylar. Bu çöketligiň syrlaryny doly okap, täsin gürrüňleriň halkymyza ýetiriljek günleri entek öňde.

Güljemal ÇUNGUŞEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.