Almazyň ajaýyplygy

24 Maý 2022
1024

Dünýäde seýrek duş gelýän, özüniň ajaýyplygy, gözelligi bilen tapawutlanýan daşlar hemişe arzyly bolupdyr. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli gymmat bahaly daşlaryň — minerallaryň içinde iň tapawutlysy almazdyr. Indi müňlerçe ýyllar bäri almaz öz tebigy berkligi, çydamlydygy, gözelligi bilen adamzat neslini haýran galdyryp gelýär.

Alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi» atly kitabynda «Almaz — kristal görnüşli tebigy gyraňlary bolan mineral daşa — göwhere geologlar almaz diýip at berýärler. Bezeg üçin köp ulanylýan bu daş özi ýaly daşlaryň içinde iň gymmatlysy we berkdigi, çydamlydygy, gatylygy babatda iň ýokary hillisi hasaplanýar. Beýleki daşlary almaz bilen kesip bolýan bolsa-da, almazy başga daşlar bilen kesip ýa-da owradyp bolmaýar. Şonuň üçin hem zergärleriň arasynda «Almazy almaz bilen keserler» diýen aýtgy ýörgünlidir. Ýeri gelende aýtsak, sakgal syrmakda ulanylýan iňňän ýiti we ýukajyk iki ýüzli päkilere-de il arasynda almazpäki diýilýär» diýip, belleýär.

Alma DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.