Haýsy gülleri halaýarsyňyz?

26 Maý 2022
1374

Güller tebigat gözelligini has-da gözel görke getirýänligi bilen täsin. Toý-baýramçylyklarda sowgatlyk gözlänimizde, ilki bilen, göz öňümize güller gelýär. Güller dürli ysly bolmak bilen, olaryň hersiniň özboluşly gözelligi, häsiýetli aýratynlygy bar. Belli bir güllere nazarymyzyň düşmeginiň häsiýetimiz bilen baglanyşyklydygyny alymlar belleýärler.

Çopantelpegiň saryja güllerini halaýanlar maksada okgunly, başarjaň bolýarlar. Olar daşyndan sada ýaly görünseler-de, gaty beýle-de däl. Olar maşgalada bagta, söýgä ymtylýarlar, dostlugyň gadyryny bilýärler. Töwerek-daşyndaky gymmatlyklara hormat goýýarlar.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».