Suw — göwher

18 Maý 2022
1113

Goja zeminiň astyny-üstüni gurşap alan tebigy baýlyklaryň barçasy adamzat ýaşaýşy üçin zerur. Olar biziň gündelik durmuşymyza siňip gidipdir. Şeýle möhüm närseler daşymyzy gallap almasa, dowam edýän bu barlykda ýaşaýyş hakynda pikirlenmek asla mümkin däl. Şonuň üçinem adamzat asly dünýä inmänkä, oňa derwaýys bolan tebigy baýlyklar ýaradylypdyr. Wodorodyň we kislorodyň himiki birleşmesinden emele gelýän, reňksiz dury suwuklyk hasaplanýan suw hem Ýer ýüzünde arzylanýan bahasyz baýlyklaryň biri.

Ylmy nukdaýnazara görä, suwuň düzümindäki wodorod — ýangyç, kislorod — oduň tutaşmagyna ýardam berýän reňksiz we yssyz gaz halyndaky himiki element. Şuňa seretseň, suwuň emele gelmegi juda geň. Megerem, şu ýagdaý onuň gadyr-gymmatyny artdyryp, arzylanýan baýlyk hökmünde öňe çykarýar. Filosofiýanyň garaýşy boýunça bolsa, dünýäniň ilkinji başlangyçlary hökmünde materiýanyň görnüşleriniň biri suw diýlip kabul edilýär. Bu pikire uýýan grek filosofy Falesiň hasaplamagyna görä, hemme zat suwdan döräp, suwa öwrülýär. Suw — Biribaryň keramaty bilen ýaradylan hazyna. Ygtybarly edebiýatlardaky: «Allatagala hemme zatdan öň bir päk göwher ýaratdy we göwhere haýbat bilen garady. Ol göwher bu nazardan eräp, suw boldy» diýen jümleler bu hakykata güwä geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem: «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen nakylda halkymyzyň keramatly suwa bolan ynamynyň durmuş mazmuny açylýar. Suw hem aslynda ýaldyrap duran göwher bolanmyşyn diýýärler. Soň ol älemiň gözel husnuny synlap, onuň mährinden eräp, suwa öwrülipdir» diýilýär.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».