Amazonka derýasy

23 Maý 2022
1022

Günorta Amerikadaky Amazonka derýasyny indeýler «Parana-King» («Derýalaryň şasy») diýip atlandyrýarlar. Hakykatdan-da, Amazonka ähli ölçegleri boýunça dünýäde iň uly derýadyr. Derýa her ýylda Atlantik okeanyna 3800 km3 suwuny guýýar. Bu san dünýäniň ähli derýalarynyň suwunyň 25 göterimine deňdir ýa-da Amyderýadan akýan suwdan 60 esse köpdür. Derýa öz suwuny 7 million inedördül kilometr meýdandan toplaýar. Bu san Awstraliýanyň meýdanyndan hem köpdür. Onuň okeana guýýan ýerlerindäki giňligi 200 kilometre, çuňlugy 100 metre ýetýär. Okean

gämileri derýanyň ugry boýunça 3500 kilometre, ýagny Peru döwletiniň Ikitos şäherine çenli ýüzüp baryp bilýärler. Derýa hemişe köpsuwly bolmak bilen, suwunyň derejesi ýylyň dowamynda birmeňzeş saklanýar, sebäbi bu ýerlere ygal köp düşýär.

Taýýarlan Gülnar KIRIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.