Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Köpetdag kyssalary

Seniň daşlaryňy kim dikdi, Dikildaş? (Dowamy. Başlangyjy gazetiň 225-nji sanynda).

Güýz ahwallary

Güýz paslynyň gelmegi bilen, tebigata üýtgeşik rahatlyk aralaşýan ýaly bolýar. Türkmen sährasynyň Güneşiň şöhlesine çalymdaş altynsow öwüşgine beslenýän günleri kalbymy ajaýyp duýgular gaplap alýar. Güýz paslynda täze okuw ýylyna badalga berilýär. Güýzüň ilkinji güni ak mekdepleriň gujagyna dolýan körpeleriň şadyýan sesleri, ilkinji gezek okuwa barýan çaganyň päkize duýgulary, «talyp» diýen ada mynasyp bolanyna begenip, aýagy ýere degmän bilim ojagyna howlukýan ýaşlaryň tolgunmalary... bütin barlyga buşluk habaryna garaşýan ýaly täsin duýgyny bagyşlaýar. Güýz mukaddes duýgulardan, umytlardan we täze arzuwlardan doly pasyl. Güýzde türkmen halky üçin mukaddes baýram bolan Garaşsyzlyk baýramy bellenilýär. Garaşsyzlygyň halkymyz üçin gymmaty-şany bimöçberdir, şonuň üçin güýzüň ilkinji günlerinden bu baýramy dabaraly-derejeli toýlamak üçin görülýän taýýarlyklarda-da üýtgeşik ýakym bar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dürli bäsleşikleriň jemi jemlenilip, ýeňijilere, zähmet ussatlaryna sylag-serpaýlar gowşurylýar.

Göwün söýen güýzüm

Güýzüň ýakymly ýatlamalary ýene meni alyslarda galan çagalyk ýyllaryma alyp gitdi. Ullakan üzüm dalbarynyň aşagynda duran äpet sekiniň üstünde jagyl-da-jugul bolşup ýaňyja tamdyrdan çykan gyzgyn çörek bilen güýzäp, bala dönen üzüm iýýänimiz häzirki ýaly ýadymda. Ejemiň ellerine agram berip duran salkym-salkym üzümler uly hum bedräniň içine düşende suwuň içinde monjuk ýaly buldurar durardy. Biz naharlanan hem bolsak, güýz aýlary hökman naharyň yzyndan üzüm ýa-da üzümiň baly bilen çörek iýerdik. Bu endigimize belet bolan käbämiň haçan görseň eli üzüm gaýçylydy. Nahara başladygymyz ol hökman üzüm ýygyp başlardy. Wagt ýyldyrym çaltlygynda geçip giden hem bolsa, şol bal bilen bäs edýän üzümlere bolan islegimiz kemelmedi. Hut şu günler hem aýal doganlarymyz bilen bir saçagyň başyna üýşdügimiz, saçaga aýratyn ýaraşyk berip duran owadan üzümler hem bada-bat peýda bolýar.

Güýz — gö­wün­le­riň göw­he­ri

(Oý­lan­ma) Güýz, sa­ry do­na bes­le­nen güýz, gel işik­den, gör, ne edip umyt­la­ry wy­sal bi­len işip sen. Ýa-da ar­zuw­la­ra ba­dal­ga bo­lup ät­le­diň­mi, güý­züm! Sar­gylt dün­ýäň kal­by­my­zy zer jä­hek bi­len na­gyş­lap baş­lar! Baý, şon­da şyg­ra mu­wa­pyk gö­wün­ler şeý­le bir joş alar we­lin, heý, go­ýaý. Ha­wa, sa­rym­tyl ly­bas­ly owa­dan pas­lym, hoş ge­lip­siň!

Gözeldir, täsindir türkmeniň ýurdy

Aslyýetinde-hä, dünýäniň syýasy-geografik kartasynda parlak ýyldyza meňzäp lowurdaýan Türkmenistanyň dört paslam owadandyr, tereňdir, özboluşlydyr. Iň esasy hem, biziň ýurdumyz dagy, deňzi, derýasy, sährasy babatda-da gaýtalanmajak öwüşgindedir. Türkmenistan diýlende, ilki bilen, Garagum göz öňüne gelýär. Türkmenistanyň umumy meýdany 491,2 müň inedördül kilometre barabar bolup, onuň 80% golaýyny (350 müň km.) çöl landşafty tutýar. Çöllükler diýip tebigy giňişlikleriň örän gurak we yssy klimaty, ujypsyz ygally hem-de seýrekleşen ösümlikleri bolan meýdanlaryna düşünilýär. Çöller üçin diňe bir ygallaryň az mukdarly (300 mm. çenli) däl, eýsem, olaryň pasyllar boýunça deň-derejede bölünmeýändigi we örän uly üýtgemeleri, şeýle hem ýagýan ygallaryň mukdaryndan bugarmanyň çürt-kesik agdyklyk etmegi mahsusdyr.

Owadan daragt

Güýz geldi...

Durmuşda tomus paslyny gowy görýändigi üçin güýzüň gelmegi netijesinde dürli sussupeslige duçar bolýan adamlar duş gelýär. Olar güýzüň gelmegi bilen özlerini ýadaw duýup, öňki işjeňliklerini ýitirýärler. Şonuň ýaly sussupeslige sezewar bolýan adamlara lukmanlaryň bu ýagdaýdan çykmak üçin kömek edip biljek birnäçe maslahatlaryny ýetirýäris.

Köpetdag kyssalary

Sumbar täsinlikleri Täsinlikler özüne çekiji bolýar, hasam olar düşnüksiz bolanda. Adamyň bilesigelijiligi örän güýçli, bir täsin zat görse, «bä-ä» diýip oňanok-da, onuň anygyna ýetesi gelýär. Hut şu häsiýeti-de, belki, onuň aňynyň ösmegine getirýändir. Sumbar jülgesinde-de şeýle täsinlikler az däl...

Güýze aşyk göwnüm bar

Seniň geleriňe garaşýaryn men (Oýlanma)

Ok­lu­kir­pi

Ok­lu­kir­pi öz­bo­luş­ly hä­si­ýet­li, gem­ri­ji ýa­ba­ny haý­wan­dyr. Onuň uzyn­ly­gy 1 met­re ba­ra­bar­dyr, ag­ra­my bol­sa 16dan 24 kg çen­li­dir. Ça­ga­la­ry­nyň uzyn tüý­le­ri bir hep­dä­niň için­de ga­tap, iň­ňä öw­rü­lip, eý­ýäm sanç­ma­gada ýa­ra­ýar. Olar otu­rym­ly bol­sa­larda, käha­lat­lar­ iý­mit göz­läp, bir gi­je­de onlar­ça ki­lo­met­r ara­ly­gy geç­ýär­ler. Ok­lu­kir­pi ýa­zy­na ösüm­lik­le­riň bal­dak­la­ry, kök­le­ri, tom­su­na we güý­zü­ne mi­we­ler, dür­li ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär. Gy­şy­na gy­rym­sy agaç­la­ryň ga­by­gy­ny ge­mir­mek, çy­by­gy­ny çeý­ne­mek bi­len oň­ýar. Iň ha­la­ýan iý­mi­ti ço­muç, onuň pa­la­jy we kö­kü­dir.

Irisler — bezeg gülleri

Baglaryň, gülleriň köpdürlüligini artdyrmak, olary has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda ösümlikleriň bioekologik aýratynlyklaryny öwrenmäge, olary gorap saklamaga gönükdirilen ylmy-barlag işleri geçirilýär. Munuň özi ösümlikleriň dürli görnüşlerini Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmaga we olaryň biologik aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy işlenip düzülen ösümlikler bolsa ýurdumyzyň bezeg-bagçylyk işlerinde giňden ulanylýar. Botanika bagynda ösümlikleriň täze şertlere uýgunlaşmasy kyn bolan görnüşleri, olaryň biologik aýratynlyklaryna laýyklykda, ýörite niýetlenen meýdançalarda ösdürilýär we bu babatdaky kolleksiýa gorunyň üsti ýetirilýär.

«Baky ösümlik»

Sungat adamlary, ýazyjy-şahyrlar üçin ylham çeşmesi, suratkeşleriň eserleriniň nusgasy bolan tebigat janly-jandara sagdynlyk eçilýän dürli ösümlikleriň hem soňsuz hazynasydyr. Güneşden mähri ganan türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň melhemlik täsiriniň has güýçlüdigini bilermenler hem nygtaýarlar. Melhem ýokumlaryna baý ösümlikleriň biri-de ir döwürlerde arap şahyrlary tarapyndan «mübärek ot» diýip tarypy ýetirilen semzekdir. Watany Hindistan hasaplanýan semzegiň häzirki wagtda dünýäde 600-e golaý görnüşiniň bardygyny bilermenler aýdýarlar. Ol melhem ot hökmünde-de, iýmit hökmünde-de dünýä ýüzüne ir döwürlerde ýaýrapdyr. Semzegiň melhemlik häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda-da giňişleýin gürrüň edilýär.

Daşlar — syrly dünýä

Türkmen tebigaty özünde müň bir syry saklaýar. Pederlerimiz: «Der dökene zer köp, yhlas edene — sahawat» diýipdirler. Yhlas bilen öwrenip, tebigatyň syrly dünýäsine aralaşsaň, onda geň-enaýy zatlara duşmak bolýar. Muny tebigatyň goýnunda bar bolan dürli daşlar hem aýan edýär.

«Bonsai» sungaty

Tebigat bilen ynsan hemişe sazlaşykly gatnaşykda bolýar. Adamlaryň tebigata bolan söýgüsiniň netijesinde ençeme ajaýyp sungat eserleri döreýär. Şolaryň biri hem agajyň ýörite saýlanyp alnan şahalaryndan döredilýän «Bonsai» sungatydyr. Bu sungat «gap», «tabak» diýen manylary berýän «bon» hem-de «ösümlik», «agaç» manysyndaky «sai» diýen ýapon sözleriniň birleşmesinden dörändir. Ilkinji gezek Hytaýda dörän «Bonsai» sungaty VII — IX asyrlarda Ýaponiýa ýaýraýar. Hytaýda «Penjing» diýlip atlandyrylýan agajyň ýörite gaplarda saklanmagy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdypdyr. Ýöne «Penjing» agajyny ýörite gaplarda ösdürip ýetişdirmek sungaty «Bonsaiden» düýpli tapawutlanypdyr. Ýagny onda bir gapda birbada birnäçe (miniatýur) kiçi göwrümli agaçlar ýerleşdirilip, olaryň kölegesinde bolsa oturan adamyň keşbi şekillendirilipdir. «Bonsai» agaçlaryň ýaşaýşyna bolan hormata, we olaryň goralmagyna gönükdirilen bir sungatdyr. Kiçi göwrümlidigine garamazdan, olaryň töweregimizi gurşap alan baglardan tapawudy ýokdur. «Bonsai» agaçlaryny ýetişdirmek köp wagty we ýörite idegi talap edýär. Saýlanyp alnan agajyň toprak-howa şertlerine we çyglylygyna aýratyn üns berilmelidir. «Bonsai» üçin iň amatly agaç fikusdyr. Tebigatda bu sungata örän meň

Gije bilen gündiz nähili çalyşýar?

Gije bilen gündiziň çalyşmasy Ýeriň öz okunyň daşynda aýlanmasy sebäpli bolup geçýär. Ýer öz okunyň daşynda dyngysyz aýlanýar. Ol 24 sagatda bir aýlaw edýär. Has takyk aýdylanynda, Ýeriň öz okunyň töweregindäki bir aýlawy 23 sagat 56 minut 4 sekunda barabardyr. Bu bolsa gündiz bilen gijäniň ortaça her 12 sagatdan çalyşmagyna getirýär. Ýagtylandyrylyşyň kanunyna görä, Ýeriň üstüne Günüň ýagtylygynyň düşýän tarapy ýagty — gündiz, ýagtylygyň düşmeýän tarapy hem garaňky — gije bolýar. Günden gelýän şöhleler Ýeriň aýlanma okuna perpendikulýar bolup, Ýeriň üstüne düşse (mart aýynyň 21-ine we sentýabr aýynyň 23-ine), onda gijäniň we gündiziň dowamlylygy biri-birine deň bolýar. Günüň şöhleleriniň Ýeriň okuna düşmek ýagdaýyna görä, gijeler we gündizler uzyn we gysga bolýar. Iýun aýynyň 22-sinde iň uzak gün we iň gysga gije, dekabr aýynyň 22-sinde bolsa tersine bolýar. Ýylyň pasyllarynyň çalyşmasy bolsa Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýandygy we Ýeriň aýlanma okunyň onuň hereket edýän tekizligine görä gyşyk ýerleşýändigi bilen düşündirilýär. Ýer Günüň töwereginde 365 gün 5 sagat 48 minut 46,06 sekuntda bir aýlaw edýär.

Gum borjagy

Gum borjagy borjaklar maşgalasyna degişli bolup, boýy 1,5-2 metre ýetýän gyrymsy ösümlikdir. Onuň kök boýunjagazyndan köpsanly goşmaça kökler özleriniň başlangyjyny alýarlar. Olar daýanç işlerini ýerine ýetirýärler hem-de köpsanly ownuk kökjagazlar ösümligiň suw we minerallar bilen iýmitlenmegini üpjün edýärler. Borjagyň ýapraklary ýukajyk barda görnüşinde bolýar. Miwesi goza şekilli, gyzyl ýa-da mämişi reňklidir. Borjak maý aýynda gülleýär, miwesi iýulda ýetişýär. Ol baldagy we çybygy bilen köpelmäge ukyply. Borjak dermanlyk ösümlik bolup, ondan taýýarlanylan efedrin dermany demgysmada, gökbogmada, bokurdak sowuklamasynda ulanylýar. Borjagyň süýşýän çägeleri berkitmekde uly ähmiýeti bar. Ol çölde hemişe göklügini saklaýan ýeke-täk ösümlik bolup, gyş döwründe mallar üçin ýokumlaryň çeşmesidir.

Sary gülli sözen

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan goraghananyň meýdanlaryna ýylyň gelşine baglylykda awtoulagda we pyýada edilen gözegçilikleriň netijesinde ösümlik we haýwanat dünýäsinde, toprak, howa, suw we relýef şertlerinde üýtgeýän ýagdaýlar ýazgy edilýär. Şu ýylyň aprelinde awtoulag arkaly geçirilen meýdan gözegçilikde ylmy işgärleriň duş gelen üýtgeşik ýagdaýlarynyň biri-de Türkmenabat — Mary gara ýolunyň 103-104-nji kilometr aralygynda goraghana serhetdeş meýdanda ösüp oturan 2 düýp sary gülli sözeniň hasaba alynmagydyr. Häzire çenli tebigatda sary gülli sözene duş gelinmändigini sährada mal bakýan çopanlar, goraghana ýakyn ýerde ýaşaýan ilat, sährada ylmy iş geçiren alymlar hem tassyklaýarlar. Eýsem, bu sözenleriň sary reňkli güllemeginiň sebäbi nämedekä? Garagum sährasynyň iň owadan ösümlikleriniň biri bolan sözen kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ýaşaýyş görnüşi agaç we gyrymsy agaç şekilindedir. Sözen özüniň dermanlyk häsiýeti bilen irki döwürlerden bäri mälim. Onuň boýy takmynan, 0,5 — 8 metr aralygynda bolup bilýär. Sözeniň çalymtyl-ýaşyl süýnmek görnüşli ýapraklary, tiken bilen gurşalandyr. Sözen aprelde gülleýär. Onuň örän ownujak goýy melewşe reňkli gülleri bolýar. Sözeniň

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus yssy bolar.

Belki, gulakda galsyn!

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). (Çümmüklenip çöplenen setirler)

Kepderiler türkmen tebigatynyň täsinlikleri

«7/24. tm», № 34 (117), 22.08. 2022 Türk­men top­ra­gy­nyň owa­dan te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp gül­le­ri­ni ýa­da sal­ýan guş-gum­ru­la­ry onuň owaz­ly dün­ýä­si­niň mu­ka­my­dyr. Şol guş­la­ryň iň gö­zel gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de guş­lar to­pa­ry­na de­giş­li kep­de­ri­ler­dir.