Gum borjagy

24 Awgust 2022
2253

Gum borjagy borjaklar maşgalasyna degişli bolup, boýy 1,5-2 metre ýetýän gyrymsy ösümlikdir. Onuň kök boýunjagazyndan köpsanly goşmaça kökler özleriniň başlangyjyny alýarlar. Olar daýanç işlerini ýerine ýetirýärler hem-de köpsanly ownuk kökjagazlar ösümligiň suw we minerallar bilen iýmitlenmegini üpjün edýärler.

Borjagyň ýapraklary ýukajyk barda görnüşinde bolýar. Miwesi goza şekilli, gyzyl ýa-da mämişi reňklidir. Borjak maý aýynda gülleýär, miwesi iýulda ýetişýär. Ol baldagy we çybygy bilen köpelmäge ukyply. Borjak dermanlyk ösümlik bolup, ondan taýýarlanylan efedrin dermany demgysmada, gökbogmada, bokurdak sowuklamasynda ulanylýar. Borjagyň süýşýän çägeleri berkitmekde uly ähmiýeti bar. Ol çölde hemişe göklügini saklaýan ýeke-täk ösümlik bolup, gyş döwründe mallar üçin ýokumlaryň çeşmesidir.

Umytjan HUSEÝINOW,
Amyderýa döwlet goraghanasynyň ylmy işgäri.