Sary gülli sözen

24 Awgust 2022
914

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan goraghananyň meýdanlaryna ýylyň gelşine baglylykda awtoulagda we pyýada edilen gözegçilikleriň netijesinde ösümlik we haýwanat dünýäsinde, toprak, howa, suw we relýef şertlerinde üýtgeýän ýagdaýlar ýazgy edilýär. Şu ýylyň aprelinde awtoulag arkaly geçirilen meýdan gözegçilikde ylmy işgärleriň duş gelen üýtgeşik ýagdaýlarynyň biri-de Türkmenabat — Mary gara ýolunyň 103-104-nji kilometr aralygynda goraghana serhetdeş meýdanda ösüp oturan 2 düýp sary gülli sözeniň hasaba alynmagydyr. Häzire çenli tebigatda sary gülli sözene duş gelinmändigini sährada mal bakýan çopanlar, goraghana ýakyn ýerde ýaşaýan ilat, sährada ylmy iş geçiren alymlar hem tassyklaýarlar. Eýsem, bu sözenleriň sary reňkli güllemeginiň sebäbi nämedekä?

Garagum sährasynyň iň owadan ösümlikleriniň biri bolan sözen kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ýaşaýyş görnüşi agaç we gyrymsy agaç şekilindedir. Sözen özüniň dermanlyk häsiýeti bilen irki döwürlerden bäri mälim. Onuň boýy takmynan, 0,5 — 8 metr aralygynda bolup bilýär. Sözeniň çalymtyl-ýaşyl süýnmek görnüşli ýapraklary, tiken bilen gurşalandyr. Sözen aprelde gülleýär. Onuň örän ownujak goýy melewşe reňkli gülleri bolýar. Sözeniň ganatjykly kösük miwesinde 1 ýa-da 2 sany tohumy bolup, ol iýunda bişip ýetişýär.

Aziza FURKATŽANOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgäri.