Göwün söýen güýzüm

6 Sentýabr 2022
734

Güýzüň ýakymly ýatlamalary ýene meni alyslarda galan çagalyk ýyllaryma alyp gitdi. Ullakan üzüm dalbarynyň aşagynda duran äpet sekiniň üstünde jagyl-da-jugul bolşup ýaňyja tamdyrdan çykan gyzgyn çörek bilen güýzäp, bala dönen üzüm iýýänimiz häzirki ýaly ýadymda. Ejemiň ellerine agram berip duran salkym-salkym üzümler uly hum bedräniň içine düşende suwuň içinde monjuk ýaly buldurar durardy. Biz naharlanan hem bolsak, güýz aýlary hökman naharyň yzyndan üzüm ýa-da üzümiň baly bilen çörek iýerdik. Bu endigimize belet bolan käbämiň haçan görseň eli üzüm gaýçylydy. Nahara başladygymyz ol hökman üzüm ýygyp başlardy.

Wagt ýyldyrym çaltlygynda geçip giden hem bolsa, şol bal bilen bäs edýän üzümlere bolan islegimiz kemelmedi. Hut şu günler hem aýal doganlarymyz bilen bir saçagyň başyna üýşdügimiz, saçaga aýratyn ýaraşyk berip duran owadan üzümler hem bada-bat peýda bolýar.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».