Gözeldir, täsindir türkmeniň ýurdy

4 Sentýabr 2022
825

Aslyýetinde-hä, dünýäniň syýasy-geografik kartasynda parlak ýyldyza meňzäp lowurdaýan Türkmenistanyň dört paslam owadandyr, tereňdir, özboluşlydyr. Iň esasy hem, biziň ýurdumyz dagy, deňzi, derýasy, sährasy babatda-da gaýtalanmajak öwüşgindedir. Türkmenistan diýlende, ilki bilen, Garagum göz öňüne gelýär.

Türkmenistanyň umumy meýdany 491,2 müň inedördül kilometre barabar bolup, onuň 80% golaýyny (350 müň km.) çöl landşafty tutýar. Çöllükler diýip tebigy giňişlikleriň örän gurak we yssy klimaty, ujypsyz ygally hem-de seýrekleşen ösümlikleri bolan meýdanlaryna düşünilýär. Çöller üçin diňe bir ygallaryň az mukdarly (300 mm. çenli) däl, eýsem, olaryň pasyllar boýunça deň-derejede bölünmeýändigi we örän uly üýtgemeleri, şeýle hem ýagýan ygallaryň mukdaryndan bugarmanyň çürt-kesik agdyklyk etmegi mahsusdyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türmenisatanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.